BEDEW BAÝRAMY

Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, spektakllar, konsertler we elbetde, at sport bäsleşikleri geçirilýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýlan, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän "Iň owadan Ahalteke Bedewi" atly gözellik bäsleşigi bolsa dabara has-da üýtgeşik täsir ýetirýär we ol her ýylyň Bedew baýramynda, Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýär. Talyplyk ýyllarymda maňa hem bedew baýramçylygyna gatnaşmak miýesser edipdi, şol ýyllar ýagny, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde «Behişdi bedewler» atly sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan eksponatlaryň 150-ä golaýy görkezilipdi. Olaryň arasynda arhiw resminamalary we fotomateriallar, žiwopis eserleri, grafika we heýkeltaraşlyk işleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen haly pannolary, şeýle hem at esbaplarynyň, atlar üçin zergärlik bezegleriniň nusgalary, dürli sowgatlyklar meniň ünsünimi özüne çekipdi.Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Prezident muzeýinde geçirilen «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» atly sergisinde esasy nusgalyk işler gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly metallardan, farfordan, hrustaldan, çeh aýnasyndan we dury däl aýnadan, agaçdan hem beýleki materiallardan döredilen bedewleriň şekilleri we köp sanly beýleki zatlar meni haýrana goýupdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen sergi «Atdyr ýigidiň ganaty» diýen simwolik ady alypdy. Onda ýurdumyzyň belli sungat ussatlarynyň žiwopisçileriň, grafikaçylaryň, heýkeltaraşlaryň häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda saklanýan tematiki işleri görkezilipdi. Ynha bu ýyl hem, ýagny 2023-nji ýylyň Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bu owadan baýramçylyk ýene-de öz ornuny Aşgabatda tutar we oňa gatnaşyjylaryň kalbynda türkmen behişdi bedewleriniň gözelliginiň we asyllygynyň özboluşly täsirini galdyrar.

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY