2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli, ýaşlaryň bilimini has-da kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebinde Kerki etrabynyň orta mekdeplerinde okaýan 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaş fizikler” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy R.Abdurasulowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni N.Astanow dagylar eminlik etdiler. Bäsleşikde etrabyň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kowus Şirow I-orna, etrabyň 30-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Wepaýewa II-orna, etrabyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Eneş Saparowa III-orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.