AHLAK TERBIÝESI-YNSAN GÖZELLIGI

Zenan terbiýesiniň gözbaşynda duran gyzlar, olaryň edep-ekramy hem ilkinji orunda bolupdyr. Çünki pederlerimiz gyzlardan gelin, gelinlerden ene ýetişýändigine dogry düşünipdirler. Şonuň üçin gyzlary kiçiliginden zähmete ugrukdyrmak, töwerek-daşyny söýmek, mähirli bolmak ruhunda terbiýelemäge çalşypdyrlar. Pederlerimiz gyzlary «gözele», gelinleri «baýdaga», eneleri «Käbä» deňäp söýüpdirler. Tebigatyň beren gözelligini utanç-haýasy, pähim-paýhasy bilen bezäp bilýän gyz «gözel» diýen belent baha mynasyp bolupdyr. Türkmen gyzlary ähli döwürde şu bahany pese gaçyrmandyrlar. Çünki nesil terbiýesi, onda-da ýaş gyzlaryň terbiýesi ähli döwürde-de ene-mamalarymyzyň göz astyndan sypmandyr.

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet  syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda ene-mamalaryň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini wagyz etmek maksady bilen “Ahlak terbiýesi-ynsan gözelligi” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň mugallymy A.Bazarowa, mekdebiň müdiriniň orunbasary Ö.Abraýew we Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY