KITAP ÝAŞLARYŇ DOSTY

Kitap bu ummasyz bir hazynadyr, ol adam döredijiliginiň syrydyr. Kitaplar durmuşymyzda mugallym, ýolbelet we dost hökmünde möhüm orun eýeleýär.

Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiz kitaphana işini ýola goýmak üçin uly tagallalar edýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berildi. Kitaphanalar ylmyň we medeniýetiň merkezidir.

2023-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynda halkara kitap güni mynasybetli “Kitap ýaşlaryň dosty” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kerki etrabynyň ýaşaýjysy hajy ene A.Jumaýewa, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Ş.Baýramowa, L.Gurbankulyýewa, ýaş okyjy L.Jomartowa çykyş etdiler. Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitap baradaky “Kitabyň çagalykda edep-terbiýe bermekde ähmiýeti bardyr, hut şu nukdaýnazardan kitaphanalar jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydyr” diýen ajaýyp jümlelerini şygar edinip ýaşlara köp kitap okap, kitaby dost tutunmaklygy wagyz edildi.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY