BAHAR ÖWSEN BATDYR BEDEW

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-parasadyndan gün-günden rowaçlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde läle reýhan ýaýlalarymyzyň ýüwrük ýelleri kimin ýyndam ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydyr. Türkmen bedewleriniň at-owazasy mydama jümle-jahanda belentden ýaňlanyp gelipdir. Dünýä bedewleriniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan ahalteke atlary özüniň owadanlygy we düşbiligi bilen älemde giňden tanalypdyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramy uly şatlyk-şowhun bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilmegi türkmen bedewine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. 

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Bahar öwsen batdyr bedew” atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Wagtlaýyn serginiň diwarlyklary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur parasadyndan dörän “Ahalteke bedewi–biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserleri, Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, behişdi bedewlerimizi wasp edip döreden suratlary, bedewleriň bezeg şaý-sepleri, gurallary bilen bezelipdir. Wagtlaýyn sergini ilkinjileriň hatarynda Kerki etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary tomaşa etdiler. Sergä tomaşa etmäge gelenlere Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri M.Baýramow, B.Hudaýberdiýewa we  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa türkmen bedewleri, ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewlerine goýulýan belent sarpa barada buýsançly gürrüň etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 3 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY