Ussat suratkeş, sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, şekillendiriş sungatynyň janköýeri Nyýazmyrat Dowodow 1921-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Ýaňgala obasynda dogulýar. 1935–1941-nji ýyllarda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde okaýar. 1971-nji ýylda TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly adyna eýe bolýar. N. Dowodowyň ylmy iş bilen meşgullanmak bilen, halk döredijiliginde köp gözlegleri alyp bardy hem-de şekillendiriş muzeýiň kolleksiýasyny seýrek ekspanatlar bilen doldyrdy. Onyň miwesi bolsa N. Hojamuhammedow bilen awtordaşlykda ýazylan “Türkmenistanyň halylary we haly önümleri’’ ( Aşgabat 1983 ý.) atly albomynda jemlenipdir.
1978-nji ýylda Nyýazmyrat Dowodow öz awtoportretini döretdi, ”Awtoportret’’ nakgaşçylykda ýerine ýetirildi. Belli klassyk teke halylarynyň owadan nagşy bolan ,“guşly göl’’ bilen göni setirler boýunça nagyşlanan halynyň ýüzünde otyrgyjyň üstünde ak köýnekli, eli esbaply otyran halypa suratkeşiň özi suratlandyrylypdyr. Umuman, bu surat öz mazmuny boýunça şahsyýetiň köp taraplylygyny görkezýär hem-de suratçy Dowodowyň baý halk sungatyna bolan meýlini tomaşaçylaryň öňünde açyp görkezýär. Bu portret göýä biografiýa bolmak bilen, ony gurşap alan gurşawa, suratkeşiň şahsyýetiniň ýokary ruhy medeniýetini görkezýär.
Suratkeşiň awtoportredine seredeniňde ony olar ýaly edip hiç kim çekip bilmez, hiç kim onuň ýerine geçip bilmez. Şekillendiriş muzeýinde sergilenýän zalyň içinde Nyýazmyrat aga äýneginiň arkasyndan bize ýakyndan, dykgat bilen seretmegi öwretýän ýaly bolup görünýär. Ol özini gaty dogruçyllyk bilen ýerine ýetirip aýna seredip çekýän ýaly bolup görünýär. Ol özini çekende çal saçyny we çal saçynyň aşagyndaky kölegäni, maňlaýyndaky garranlygynyň alamaty bolan ýygyrtlary, göziniň pes görmegi sebäpli dakynýan äýnegini, agralyşan göwresini çekmegi unutman, diýseň dogruçyllyk bilen ýaşynyň getiren kemçiliklerini hem suratlandyrýar. Suratkeş öz awtoportretini çekeninde biz ony tanamasak hem ol men ussat suratkeş diýip gürleýän ýaly bolup görünýär. Nyýazmyrat Dowodow sungatyň ähli görnişlerini şol sanda hünäri bolan şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugryny çyn ýürekden söýýän adamdygyny onuň bu awtoportretinde hem görmek bolýar, bu awtoportretiň arka fonunda türkmenleriň milliligi hasaplanýan teke gölli türkmen halysynyň şekilini gyrmyzy tonlarda ussatlyk bilen şekillendirmegi başarypdyr. Bu bolsa onyň amaly-haşam sungatynyň bir ugry bolan halyçylyk sungatyna goýýan sylagy şeýle hem biziň ata-babalarymyzdan bize miras bolup gelýän zergärçilik sungatyna goýan beýik sarpasyndan nyşanydyr ondan başga hem ene-mamalarymyzyň gadym döwirlerde esasan hem XIX asyrdan başlap öz milliligimiz siňdirilip, köp zähmet talap etýän keşdeli kürtämiz şekillendirilipdir, suratkeşiň öňinde bolsa onyň reňkli palitrasy hem-de onyň etýutniginiň bir bölegi şekillendirilipdir. Onyň bu awtoportreti onyň öz biografiýasy bolup durýar. Otagyň içindäki gülälekli waza hem awtoportrediň bir gapdalyna ýerleşdirilip, gülälekler suratkeşiň iň halaýan güli bolupdyr. Otyrgyjyň arka goýylýan bölegi gapdallaýyn ýerleşdirilip suratkeş oturgyçda arkaýyn oturan, çep eli oturgyjyň arka goýylýan ýerinde sag elinde bolsa surat çekmek üçin esasy guraly bolan ujy sary reňkli çotgasy bar. Suratkeşiň bu portretine seredeniňde Nyýazmyrat Dowodow 1979-njy ýyldan awtoportrete seretýänlere tarap seredip duran ýaly duýgyny berýär. Nyýazmyrat Dowodow özini ak köýnekli çekip, bize ak reňkiň hem birnäçe öwüşgininiň bardygyny öwredip, onyň ak köýneginiň ýeňindäki ütüginiň yzyny hem-de köýnegindäki we jalbaryndaky ýygyrtlary hem ussatlarça şekillendirip öziniň nähili ussat halypadygyny äşgär etýär. Sungat adamlarynyň mydama gözelligiň gözleginde bolşy ýaly Nyýazmyrat Dowodow hem öz eserlerini döredeninde gözellik utgaşdyryp birnäçe eserleri döretýär. Ol öz awtoportretinde diňe bir öz portretini çekmek bilen çäklenmän ýa bolmasa öz hünärini şekillendirmän eýsem, ol bu awtoportretinde hem türkmen gelin-gyzlarmyzyň dokaýan milli halylarymyzy şeýle-de güllerdir, şaý sepleri şekillendirmesi zenan gözelligine hem hormat goýýandygyny ýaş şägirtlerine hem-de şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanýan adamlara görkezmek isläpdir.
Gülnabat TAŇRYGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
5-nji ýyl talyby.