Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ähmiýetini, jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuny giňden wagyz etmek hem-de döwrebap derejede dünýä giňişligine ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýan günlerinde uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän dabara ýagny aprel aýynyň soňky ýekşenbesi türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde uly tutum bilen toýlanýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda aýap, gorap, kämilleşdirip, şan-şöhrata besläp gelen bedewleriniň toýuny toýlaýar. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň at-owazasy, şan-şöhraty ýokary galýar.
Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasy, göz-guwanjy, milli mirasy. Ata-babalarymyz geçmişde nähili şan-şöhrat gazanan bolsalar, olaryň ählisinde ahalteke bedewleriniň hem goşandy uludyr. Şonuň üçin hem ynsan häsiýetli bedewler her bir ýigidiň ýakyn dosty, syrdaşy, toýda-jeňde ýoldaşy hasap edilipdir. Halkymyz bedew atyna goýýan hormaty ajaýyp döwrümizde ýene bir mertebe belende galdy. Muny Garaşsyzlyk ýyllarynda baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýetirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi ýaly işler hem görkezýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän täze dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi hem-de Ylmy-önümçilik merkezi gurulýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişti bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň sanyny artdyrmakda we ýaş nesillere öwretmekde gazanan üstünliklerini göz öňünde tutup, atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berlip Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenýän günlerinde “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlary dakylýar.
Türkmen bedewi çäksiz söýgä we hormata mynasypdyr. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hem syrdaş bolup gelýär. Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişti bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris.
Bedew berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ganaty! “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zynaty! Şeýle ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan behişti bedewlerimiziň baýramy bu gün Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda uludan bellenýär. Baýrama bagyşlanýan aýdymlaryň sesi belentden ýaňlanyp, türkmen bedewlerine bagyşlanyp sergiler guralyp, At çapdyrylyp, altyn gabak atdyrylýar.
Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursyn. Şu pursatdan peýdalanyp tutuş türkmen halkyny, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn! Toýlarymyz toýa ulaşsyn!
Gülşirin MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.