Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň kämil, ruhy-ahlak kadalaryna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent, bilim-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky alada döwlet derejesinde duran meseleleriň biridir.
Häzirki wagtda ýaşlaryň, orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolan “Soňky jaň” dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görülýär.
2023-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 23-nji orta mekdebinde 11-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, orta mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmekligi wagyz etmek maksady bilen “Bilimli ýaşlar Watanymyzyň buýsanjy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝaÝeIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary O.Saparowa çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.