Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmäge giň orun berilýär. Sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek işi hem-ä ynsan saglygyny berkitmek, hem-de professional sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumlary hil taýdan täze derejä çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bir wagtda munuň özi daşky gurşawy goramak boýunça durmuşa geçirilýän dünýä ähmiýetli taslamalara hem goşantdyr. Ýurdumyzda kämil şahsyýetli terbiýelemekde ata babalarymyzyň “Sagdyn bedende-sagdyn ruh” pähiminden ugur alynýar. Bedenterbiýe we sport her adamyň sagdyn, ruhubelent, tutanýerli, maksada okgunly terbiýelemeginde uly ähmiýete eýedir.
Ynsan saglygy her bir döwletiň durnukly ösüşiniň esaslarynyň biri bolup durýar. Şol ýörelgelerden ugur alyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýäň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli sporty ösdürmek köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komiteti, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 1-nji sport mekdebine gatnaýan gyzlarynyň arasynda “Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary - sagdyn durmuşyň tarapdary” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, olaryň ahlak terbiýesi barada ýaşlara wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda etrabyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jora Matnazarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Gülşirin Mamedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Muhammet Baýkabulow dagylar çykyş etdiler.
Gülşirin MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.