BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli şertleri döredýär. Bilim berilýän orta mekdepleriň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýaşlaryň, orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolan, bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan “Soňky jaň” dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görülýär.

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 34-nji orta mekdebinde 11-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, orta mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, TGÝMJ-niň Kerki etrap wekili Ý.Ýoldaşowa, mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary O.Salyhowa çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 76 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 64 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 89 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI