ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY – YLYMLY ÝAŞLARYŇ TÄZE GADAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegimiz ugrunda uly aladalar edilýär, ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär.

Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär.

Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebinde etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçylaryň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly – ylymly ýaşlaryň täze gadamy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, mekdebiň müdiri M.Egamberdiýew, mekdebiň mugallymy G.Kurbanowa, 11-nji synp okuwçysy Ş.Joraýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler üstümizdäki ýylyň şygarynyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy ýaşlaryň her birini asylly işlere ruhlandyryp, göwünlerine ganat, arzuw-niýetlerine belent bat berýändigi barada bellediler.

 

Enejan ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 85 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 65 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 90 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI