Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler. Zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan, gelin-gyzlaryň okamagy, bilim almagy, hünär saýlamagy, dürli ugurlar boýunça zähmet çekip, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza türkmen zenanlarynyň ýürekleri alkyşlardan doly.
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap medeniýet bölüminde zähmet çekýän we öňdebaryjy ilkinji ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda gyz-gelinleriň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, maşgala mukaddesligi, ahlak terbiýesi barada wagyz etmek maksady bilen “Zenan diýmek dünýedir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň wekili O.Çaryýew çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan hormaty, döredip berýän giň mümkinçilikleri barada, şeýle-de zenan mertebesi, asyllylygy, ojagyna wepalylygy, perzentlerine mähremligi barada täsirli gürrüňler etdiler. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan beýik ösüşlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, nesil terbiýesinde, maşgala abadançylygynda zenanlaryň tutýan ornunyň ýokarydygy barada aýratyn durlup geçildi.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça hünärmeni.