Taryhy tejribä nazar salsak, diplomatiýa arkaly halklar we ýurtlar syýasy taýdan özara gatnaşyklarynda dostluk-doganlygy berkitmäge, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we alyp barmaga giň mümkinçilikleri gazanýar. Dünýäniň öňünde durýan ählumumy maksatlar, ýagny ösüş we parahatçylyk, ilkinji nobatda, ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna, ählumumy ösüş ýolunda olaryň berk we jebis sazlaşygynyň kemala gelmegine, şol esasda köptaraplaýyn oňyn gatnaşyklara ýol açylmagyna oňyn täsir edýär. Şu babatda sporta hem möhüm orun degişlidir. Dünýä taryhynda tejribäniň görkezişi ýaly, şu wagtky döwre çenli sport ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we abadançylygy ýola goýan serişde hökmünde hyzmat edip geldi. Olimpiýa oýunlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatlary, sebitiň iri möçberli halkara ýaryşlary - ähli döwürlerde-de ynsanlaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi we dostluk-doganlygy ýola goýmakda we berkitmekde netijeli ädim boldy. Köp sanly döwletler şeýle iri möçberli ýaryşlary kabul edip, bütin dünýäde uly abraýa eýe boldular, ýene-de köp sanly döwletler halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri bilen, öz ýurdunyň sportunyň altyn ýazgylarynda möhürlenjek uly ýeňiş serpaýlaryna mynasyp boldular. Şunlukda, dünýäniň sport giňişliginde halkara sport gatnaşyklary kemala geldi we öz çäklerindäki dürli ugurlar esasynda köptaraply hyzmatdaşlyk ugurlary döredi.
Diplomatiýanyň özi özara hyzmatdaşlygyň ygtybarly guraly bolmak bilen, ol halklary dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, barha ysnyşdyrýar. Has takygy döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we agzybirligi syýasy nukdaýnazardan ýola goýýar. Ol syýasy abadançylygyň jebis we ygtybarly nusgasydyr. Sport hem öz gezeginde türgenleri, tälimçileri we janköýerleri birek-birege ysnyşdyrýan, dost-dogan bolmaga çagyrýan, ygtybarly täsir ediji güýçdür. Dünýä döwletlerinde bu ugra uzak döwürlerden bäri uly üns berilýär we daşary syýasatda ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Emma her döwlet özüniň mümkinçiliklerine we ilatynyň ruhy-medeni esaslaryna, ýörelgelerine laýyklykda ösdürýär. Muňa garamazdan maksatlar bir-ynsanlary sport diýlip atlandyrylan jadylaýjy sungata çekmek we olaryň beden berkligini, ählumumy ruhubelentligini, dostlugyny gazanmakdyr. Bir ýurtda geçirilýän Dünýä çempionaty şol ýerde onlarça, belki ýüzlerçe döwletlerden müňlerçe wekilleri bir ýere jemleýär, olaryň gatnaşyklaryna oňyn täsir edip, dostluk-doganlyk nukdaýnazaryndan ösdürmäge mümkinçilik berýär, şol esasda bolsa halkara derejeli köptaraply häsiýete eýe bolan sport gatnaşyklary kemala gelýär.
Sport bolsa ýurdumyz üçin wajyp ähmiýete eýe bolup durýan ugur bolup durýandygy bilen baglylykda, bu babatda halkara sport hyzmatdaşlygyny alyp barmaga giň ýol açyldy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletlerine amala aşyrýan resmi saparlarynyň maksatnamasynda sportuň hem beýleki pudaklar bilen bir hatarda aýratyn orun almagy aýdyň görkezýär. Bu bolsa milli sportumyzy ösdürmegiň kämillik ýolunda dünýäniň ösen isleglerinden we talaplaryndan ugur edinýän halkara sport giňişligine aralaşmak üçin zerur bolan halkara tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Bu babatda milli tejribämizi dünýä tejribesi bilen sazlaşykly ýola goýmak esasy maksat bolup durýar. Bu maksat häli-şindi geçirilýän halkara ýygnaklarynda, daşary syýasy geňeşmelerde ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biriniň sport ulgamydygy bilen şertlendirilýär.
Türkmenistan öňdengörüjilikli we parasatly pikirleriň, uzak geljegi nazarlaýan çözgütleriň aýdyň beýanyna öwrülýän ýurtdur. Sport baradaky durmuşa geçirilýän işjeň syýasat hem öňdengörüjilikli we parasatly pikirlerden gözbaş alyp gaýdýar. Sport ýurdumyzyň has-da pajarlap ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen türkmen sportunyň daşary syýasy ugry kemala gelip, bu günki gün ähli ösüşler babatda dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar. Şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!
Magsat Otuzow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygy.