5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli öňde boljak dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýa ilkinji sapary iki ýurduň hem netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia Uaýld bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşliginde dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlyga hil taýdan täze many-mazmun bermäge ygrarlydyklaryna aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa saparyň üstünlikli geçmegini arzuw edip, diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä täç geýdirilmegi mynasybetli öňde boljak dabaralara gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.
Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýlandygyny nygtamak gerek. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda geçirilen 50-nji sessiýasynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.
Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň maşgala agzalarynyň Aşgabada guran saparlary bu ýurduň Türkmenistana uly üns berýändigini alamatlandyrýar. 1996-njy ýylda Uelsiň Şazadasy Çarlz resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. 2013-nji ýylyň noýabrynda bolsa Ýork Gersogy Şazada Endrýu “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: mümkinçilikler, ýetilen sepgitler, ileri tutulýan ugurlar” ady bilen ýurdumyzda geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň, hususan-da, Beýik Britaniýanyň DIM-niň döwlet ministri Tobias Elwudyň, Premýer-ministriň söwda boýunça wekili, parlamentiň deputaty Çarlz Hendriniň, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy Ronald Neşanyň we beýlekileriň ýurdumyza amala aşyran saparlary britan tarapynyň Türkmenistana bolan uly gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar. Döwletlerimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda umumy bähbidi bar. Ýangyç-energetika, söwda ugurlary, bank ulgamy, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Beýik Britaniýa Ýewropanyň söwda ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem-de iri maliýe merkezleriniň biridir. Bu bolsa türkmen-britan gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Beýik Britaniýa ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri bolan, durnukly ösýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýär.
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Onuň çäklerinde bilelikdäki işleriň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertler bar. Şunda türkmen bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Ýurdumyzda maliýe we durmuş taýdan durnuklylyk üpjün edildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we bazar gatnaşyklaryna geçmegi esasy ugur edinýär. Amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininde uglewodorod däl serişdeleriň we ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň paýy artýar. Dürli pudaklarda giň möçberli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Maýa goýum işjeňligini saklamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksporty artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilmegi daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirdi. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagyna, innowasion önümçiligiň döredilmegine we sanlylaşdyrmaga möhüm üns berilýär. Ýokary tehnologiýalary, harytlarydyr beýleki serişdeleri eksport edýän iri döwlet bolan Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bu ugurda toplan ägirt uly tejribeleri Türkmenistanda iş ýüzünde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň Hökümetiniň alyp barýan maýa goýum syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Beýik Britaniýanyň işewürler toparlary bilen köpugurly işewürlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin zerur bolan ykdysady, durmuş we hukuk şertlerini üpjün edýär. Ýangyç-energetika pudagy türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan ýurdumyz ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinip, sebitleýin hem-de ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Himiýa senagaty, dokma we ýeňil senagat ýaly pudaklardaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu pudaklaryň kärhanalarynda öndürilýän dürli görnüşli önümlere Beýik Britaniýada uly gyzyklanma bildirilýär.
Şeýle hem ählumumy durnukly ösüşiň esasy ugry hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyna oňyn täsirini ýetirýän ulag-kommunikasiýa ulgamy türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudyr. Şunda ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň möçberli taslamalary amala aşyrmak arkaly sebitleýin we yklymüsti möçberde garyşyk üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmegine mynasyp goşant goşýar. Bu ugurda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistik mümkinçilikleri nazara alnanda, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljegi açylýar. Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlislerinde Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan üýtgewsiz gyzyklanmalary birnäçe gezek tassyklanyldy.
Ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini bellemek gerek. Ýewropa Bileleşiginiň “TEMPUS” maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Stratklaýd, Bornmut, Kowentri, Herriota we Uatta adyndaky uniwersitetleri daşary ýurt dillerini öwrenmek we okatmak, terjime işini kämilleşdirmek boýunça okuw maksatnamalaryny, usuly gollanmalary taýýarlamak ugrunda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge türkmen hünärmenlerine goldaw berýärler. Syýahatçylyk, sport, oba hojalygy we bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Bilelikdäki tagallalar esasynda maksatnamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
ÝUNESKO-nyň Aşgabatdaky edarasy we “Köýtendag” hem-de “Bathyz” döwlet goraghanalaryny Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Beýik Britaniýanyň guşlary goramak baradaky Patyşalyk jemgyýeti bilen türkmen hünärmenleriniň bilelikdäki işleri ylmy ugur boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, halkymyzyň özboluşly medeni mirasy Beýik Britaniýanyň syýahatçylarynyň ýüzlerçesini ýylsaýyn özüne çekýär. Türkmenistanyň bu dostlukly ýurtdaky ilçihanasy halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhyny, häzirki döwürde ýeten derejesini görkezýän dürli çäreleri guraýar. Bu bolsa britaniýalylaryň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Iki ýurduň arasynda sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýeri gelende aýtsak, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşdylar.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajyp şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek.
Garaşsyz Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda iki ýurduň halklary üçin taryha, medeniýete we däp-dessurlara degişli köp sanly gyzykly sahypalar açyldy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň birek-biregi ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy, iki ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýär.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary London şäheriniň “Stansted” Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, ýurduň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kaşaň “The Biltmore Mayfair” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhana tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.
Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Bukingem köşgüniň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Bu çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Beýik Britaniýa iş sapary dowam edýär.