HIÇ KIM UNUDYLANOK, HIÇ ZAT ÝATDAN ÇYKANOK!

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy adamzat taryhynda iň ýowuz uruşlaryň biri bolup taryhda öçmejek yz galdyrdy. Şol gazaply urşuň ynsan kalbyna salan ýarasy hiç haçan biter öýdemok. «Watanym, ilim-günüm!» diýip, ot-ýalnyň içinden geçenler, şol ýyllarda tylyň agyr kynçylyklaryny gerdeninde çekenler üçin-ä urşy ýatlamak örän çökerdi welin, ol uruşdan soňky nesiller üçinem ýeňil däl. Müňlerçe türkmen ýigitler hemmesi Watan goragyna gitdiler. Kolhozy dolandyrmak gelin-gyzlaryň, ýaşulularyň, bili bekemedik çagalaryň gerdenine düşüpdir. Uruşdan maýyp bolup gelen esgerler we ýaşulular kolhoz önümçiligine öz goşantlaryny goşup gije gündiz zähmet çekipdirler. Uruş weteranlarynyň synasyndaky ýetmezleriniň urşuň salan ýarasydygyna, ýüregim jigläp gidýär. «Watan» diýip, uzak-uzak ýurtlarda mazar bolup galan obadaşlarymyzyň sany-ha barmak büküp sanardan kän. Ýowuz urşy gözüm bilen görmesem-de, adamlaryň ýüreginde, synasynda goýan yzlaryny ençeme gezek ýüzbe-ýüz gördüm.Ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar, çagalar «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekdiler. Bugdaýyň iň soňky dänesine, pagtanyň iň soňky übtügine çenli ýygnap alyp, Beýik Ýeňşe saldamly goşant goşdular. Urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolan beýik ynam bilen hem-de merdana ýigitleriň sag-aman dolanyp gelmeginiň hatyrasyna türkmen aýal-gyzlary Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, adamkärçiligiň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezipdirler. Bu Ýeňiş aňsatlyga gazanylmady. Halkyň ägirt uly pidalary, gaýduwsyzlygy we yhlasly zähmeti 1945-nji ýylyň baharynda bu Beýik Ýeňşi alyp geldi. Beýik Ýeňiş güni biz ýaş-nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar. Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Kalbymyzy şatlyk-joşguna, ruhubelentlige besleýän bu çäreler ýurdumyzda her bir adamyň döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalyp alnandygyny, mertebesiniň belentdigini aýdyňlygy bilen ykrar edýär.

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 76 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 64 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 89 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI