Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak , ilatyň ýokary ýaşaýyş- durmuş derejesini üpjün etmek babatynda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Şonuň bilen bilelik-de Watanmyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmekde , beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, sporty ösdürmekde alada edilýär.Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar”diýen ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygy we ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak , bedenterbiýe – sport bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny berkitmek , sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda ýurdumyzy sportuň ösen mekanyna öwürdi.Häzirki wagtda ýaşlarmyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, öz başarnyklaryny görkezýärler we dünýä ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmen Tuguny belende göterýärler. Sagdyn durmuş kadalaryna eýerýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanýarlar, sportda kämillige ýetip , Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler.
Aýgül ÖDENÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Döwletabatgazçykaryş
müdirliginiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işgäri.