BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşi 78 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Merdana ata-babalarymyzyň Gahrymançylykly mukaddes Watanymyza , halkymyza, we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa göräde , uruş ýyllarynyň güzaply, jebir-jepaly, ýetiren zyýany , bu döwrüň taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz. Hormatly Prezidentimiz hem 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden Gahrymanlarymyzy baky ýaşar diýip, örän jaýdar belleýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar we bularyň beýle Gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmajak şöhrata eýedir. Ýurdumyzyň asudalygy , halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak , alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Arzygül MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

ŞADYÝAN TOMUS — BAGTYÝAR ÇAGALYK

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AWAZA — SYÝAHATÇYLYK MERJENI