Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy, Meretgeldi Hydyrleýewiň agzybir ojagynda bolup, Meretgeldi agany ýetip gelýän ajaýyp sene mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de gül çemeni bilen gutlanyldy. Meretgeldi aga 93 ýaşynda. Ol uruş döwrüniň kynçylyklaryny gören ynsan.Ýeňiş gününe bagyşlanan esasy çäreler 9-njy maýda geçiriler,onda tutuş türkmen halky ähli gowluklary,häzirki bagtly durmuşy we nurana gelejegi alamatlandyrýan ýeňiş baýramyny bellär. Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegini aýratyn ähmiýet berilýär. Uruş weteranlary we ýaşulular bilen geçirilýän duşuşyklaryň uly ruhy täsiri bar. Uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler öz çykyşlarynda ýaşuly nesil hakynda yzygiderli alda edýändigi, urşa gatnaşanlaryň maşgalalaryna hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşliginiň guramagynda çäre geçirildi.
Şirinjemal AMANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrap Geňeşiniň, sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.