“ÝÜPEK BAÝLYKLARYMYZYŇ-GYMMATY”

Önümçülik işleriniň gyzgalaňly alynyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçuguny ösdürip ýetişdirmek we ondan ýokary hili önüm almak boýunça taýýarlyk görülýär. Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döredilmegi bilen ýaşaýyşa ukyply bolup, ol uzak wagtyň dowamynda tebigy seçgiler esasynda emele gelendir. Şonuň üçin ýüpek gurçugunda daşky şertlere bolan kesgitli talap emele geldi. Ýüpek gurçugyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapraklarynyň düzüminde esasan uglerod, kislarod, wodorod, we azot ýaly himiki elementleri bar. Bu himiki elementler dürli birleşmeleri emele getirýär. Olar organiki däl topara bölünýärler. Ýüpek gurçuklarynyň tohumyny tomus möwsüminde saklamagyň iň amatly ýagdaýy 24-25 gradus aralygydyr. Gurçuga öwrülme bolsa 10 gradusda bolup geçýär. Ýüpek gurçugynyň ýaşaýşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň hili we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar. Öň belläp geçişimiz ýaly, ýüpek gurçugynyň ýaşaýşy üçin birnäçe zerur şertler gerek.Şolaryň üstünde aýratyn durup geçsek has-da netijeli bolar.Ýüpek gurçugynyň bedendäki madda çalşygy üçin kesgitli temperatura zerurdyr.Organiki maddalaryň, esasan hem bedeniň dokumalaryndaky süýjiniň okislenmegi ýylylygyň esasy çeşmesidir.

 

Şirinjemal AMANOWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

“ÝEŇIŞ GÜNI”

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA