Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri, şeýle hem ýaşlar üçin döredilip berilýän mümkinçilikleriň mazmunyny giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi, Ahal welaýat Prokuraturasy, Ahal welaýat Polisiýa müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Ak bugdaý etrabynyň takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlar biziň geljegimizdir” ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikler şeýle-de Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin döredip berilýän mümkinçilikler barada şeýle hem mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçy ýaşlaryň 25-nji maý soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmekleri, tertip-düzgüniň doly berjaý etmekleri barada giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler her bir ýaş nesliň şatlygyny goşalandyryp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny has-da artdyrýar diýip çykyş edenler giňişleýin aýdyp geçdiler.
Azat GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.