Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy,edep-terbiýeli,ata Watana,ilgüne, merdana atababalarymyzyň ýolýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kamil bilmeginiň olaryň dünýä derejesinde bilim almagynda,öz Watanynyň ykdysady,syýasy,medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr.
Ýaşlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol wezipeler esasynda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler.Daşary ýurt dillerini öwrenmek talyp ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeldýär, sowatlylygyny ösdürýär. Ýaşlar bu dilleri öwrenmek arkaly daşary ýurtlaryň medeniýeti, ýaşaýşy bilen giňden tanyşýar. «Dil adamzat aragatnaşygynyň möhüm serişdesidir» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilmegi olaryň dünýä medeniýetini, ylmy kitaplary öwrenmegine ýardam edýär.
Häzirki ajaýyp zamanymyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini içgin öwrenmegine giň ýol açyldy. Şeýle mümkinçilikler ýurdumyzyň orta,ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde döredilendir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik ösüşlerini dünýä ýüzüne ýaýmaga,daşary ýurtlarda ýaşaýan halklaryň medeniýeti,durmuşy bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen iňlis, rus, nemes, arap, pars,fransuz, hytaý, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri çuňňur öwrenilýär. Çagalar 1nji synpa gadam basanlarynda iňlis we rus dillerini öwrenmekleri bilim, ylym älemine ýaşlykdan aralaşmaklaryna uly itergi berýär.
Durmuşda ylmyň zerurlygyny, dilleri öwrenmegiň gymmatyny atababalarymyz«Dil—akylyňaçary»,«Dil bilen dünýäni gezer» ýaly birnäçe nakyllardyr atalar sözüniň üsti bilen nesilleriň aňyna ýetiripdirler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymlybilimli,kämil dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda, mugallymlaryň daşary ýurt dillerini okatmak boýunça sowatlylygyny ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun,ilýurt, döwlet, umumadamzat bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
institutynyň mugallymy.