NESIL TERBIÝESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň terbiýeli we giň dünýä garaýyşly bolmagyna uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geljegimiz bolan nesilleriň ylymly-bilimli,döwrebap ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watan söýüji, zähmet söýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Milli ýörelgelere hem-de oňyn halkara tejribesine laýyklykda,okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary gurluş we mazmun taýdan kämilleşdirilýär hem-de baýlaşdyrylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw gollanmalarydyr kitaplary taýýarlanylýar. Çagalar baglary,umumy bilim berýän orta mekdepler multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Bularyň ählisi ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokary, mazmunynyň baý we döwrebap bolmagyna, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmaga, olarda ylyma bolan gyzyklanmany we söýgini ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Körpelerde bilim almaga bolan höwesi döretmek üçin netijeli usullar ulanylýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda olara harplar,sanlar hakynda düşinjeler berilýär. Bular körpeleriň mekdebe bolan gyzyklanmalaryny, okamaga bolan isleglerini has-da artdyrýar. Körpelere sanlar, harplar hakynda düşünje bermek üçin olar bilen degişli işler geçirilýär. Şunda terbiýeçilik oýunlaryna aýratyn üns berilýär.

Çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçilerdir mugallymlar okatmagyň netijeli usullaryndan peýdalanýarlar. Olar kämil tehnologiýalaryň giň mümkinçilikleri bilen işjeň okuw usullaryny işläp düzýärler. Munuň özi ýaş nesli terbiýelemekde, bilesigelijiligini ösdürmekde oňyn täsir edýär. Çagalar baglarynda mekdebe taýýarlanylýan çagalar özara baglanyşykly san we hasaplamak, ululyk we kiçilik, geometrik şekiller barada ýönekeýje düşünje alýarlar. Bu maglumatlar öwredilende şekilleri anyk suratlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň ähmiýeti diýseň uludyr.

Maglumatlaryň nazary esaslaryny öwrenmekde kompýuteriň mümkinçilikleriniň okuw terbiýeçilik işinde ulanylmagy çagalaryň bilesigelijilik bilen akyl işjeňliginiň ösmegine täsir edýär.

Terbiýeçiler çagalar baglarynda olaryň beden taýdan sagdyn ösmegi ugrunda hem birnäçe iş usullaryndan peýdalanýarlar.

Çagalaryň hereket işjeňligini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn ösmeginde türkmen milli hem-de hereketli oýunlarynyň ähmiýeti uludyr .Bu oýunlar çagalarda hüşgärligi, eserdeňligi, dogumlylygy hem-de özüňe ynamlylygy terbiýeleýär.

Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Ogulsona BOPPYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 71-nji

çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Mugallymlar gazeti 39 (10167).

Meňzeş habarlar