Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2107 harby bölüminiň çäginde Kerki etrabynda ýerleşýän orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ruhubelent, Watana wepaly ýaşlary terbiýelemek, ýaşlaryň harby gulluga we sporta bolan söýgüsini artdyrmak hem-de ýaşlary harby durmuş bilen ýakyndan tanyşdyrmak we olary harby gulluga taýýarlamak maksady bilen “Ýaş watançy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde okuwçylar toparlary 6 sany boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2107 harby bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça uly hünärmeni kapitan Ö.Bazarow, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy J.Hümmedow eminlik etdiler. Bäsleşikde Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň “Galkynyş” topary I-orna, 2-nji orta mekdebiniň “Köpetdag” topary II-orna, 1-nji orta mekdebiniň “Ýeňiş” topary III-orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2107 harby bölümi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.