DAŇLAR BIZIŇ ILDE BAGT BOLUP ATAR, ÝEŇIŞ TOÝUN TUTÝAR BAGTYÝAR WATAN

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş halklaryň hiç wagt hakydasyndan gitmejek wakadyr. Geçen ýowuz urşuň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýup, ýaş nesilleri Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan derejede terbiýelemek ýaly asylly işde parahatçylygyň, asuda we bagtyýar durmuşyň gadryna has doly düşünýärsiň. Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan Watanymyzyň şöhratly gerçekleriniň şanyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri, duşuşyklar, çeperçilik sergileri, döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary geçirilýär.

2023-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Kerki etrabynyň ýaşaýjylary – Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ojagyny saklap oturan eneler bilen “Daňlar biziň ilde bagt bolup atar, Ýeňiş toýun tutýar bagtyýar Watan” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda enelere Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

ÝAŞ WATANÇY

Indiki makala

BEÝIK ÝEŇIŞ

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 76 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 64 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 89 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI