BEÝIK ÝEŇIŞ

Türkmen halky ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine hemişe ygrarlydyr. Häzirki döwürde hem beýleki halklar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan türkmen halky üçin öz gahrymanlarynyň ýörelgeleri baş çelgi bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watanymyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen weteranlara bu gün çuňňur minnetdarlyk, hoşallyk sözleri ählimiziň ýüregimizden çykýar. Esgerleriň mähriban topraga bolan söýgüsi we yhlasy hormata mynasyp hem-de ýaş nesiller üçin beýik ahlak we watançylyk ýörelgeleridir. Pederlerimiziň şöhratly däplerini, taryhy hakydany saklamak, hormat goýmak ýaş nesilleriň borjudyr. Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde Beýik Watançylyk urşunyň milli gahrymanlaryna bagyşlanyp, olaryň ýagty ýadygärligi sarpalanyp birnäçe çäreler geçirilýär.

2023-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, merdana pederlerimiziň hatyrasyna bina edilen Kerki şäheriniň “Baky ot” ýadygärligine Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli, urşuň gahrymanlaryny hatyralap gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Kerki etrabynyň ýaşaýjylary, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-guramalarda zähmet işgärler, Kerki etrabynda ýerleşýän harby bölümleriň harby gullukçylary we ýaşlar gatnaşdylar.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI