WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe babatynda miras galdyran däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňümizde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda yzygiderli wagyz nesihat çäreleri geçirilýär. Olarda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmeklidikleri, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmelidikleri ündelýär.

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň bilim bölüminde Kerki şäherinde ýerleşýän 1-2-3-4-5-6-7-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebinde etrabyň Çekir geňeşliginde ýerleşýän 23-24-25-31-32-35-36-njy orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, ýaşlaryň arasynda jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen “Ýagşy edep-terbiýe ýolumyza çelgi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrabynyň ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy J.Annakulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy A.Rahmanowa, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan has hem sagdyn, terbiýeli bolmaklaryny, tertip-düzgün kadalaryny berk berjaý etmeklerini nygtadylar, şeýle-de, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri barada belläp geçdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI