ÝADYGÄRLIKLER TARYHYŇ AÝNASY

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikleri gazanýar, halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni desgalaryň 1400-den gowragy bar. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän döwlet medeni-taryhy ýadygärliklerimiziň taryhy taýdan ähmiýetini düşündirmek, ony wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň Alamberdar taryhy ýadygärliginde “Ýadygärlikler taryhyň aýnasy” atly gezelenç gurnaldy. Gezelenje Kerki etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary, mugallymlary gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda Alamberdar taryhy ýadygärligi we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän birnäçe beýleki ýadygärlikler, olaryň taryhy ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler edildi.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI