AGAÇ

Ýoluň ugrunda guran agaç bar eken. Gije bir ogry onuň gabadyndan geçeninde gorkupdyr — özüni tutmak üçin peýläp duran şäher sakçysydyr öýdüpdir. Aşyk ýigit geçip barýarka şatlykdan ýaňa gursagyndaky gürsüldi güýçlenipdir: ol agaja öz magşugydyr öýdüpdir. Ertekileri köp diňlän çagajyk agajy görüp, eýmenip, aglapdyr: agaç onuň gözüne eýe, jyn bolup görnüpdir.

Ýöne bu ýagdaýlaryň ählisinde-de agaç diňe agaçlygyna duran eken.

Biz dünýäni özümiziň bolşumyz ýaly görýäris.

Islegleriň hasyl bolýan daragty

Bir ýolagçy uzak ýol söküp, arypdyr, ajygypdyr, suwsapdyr. Uzakdan hellewläp görünýän goýry kölegeli daragtyň saýasyna zordan özüni atypdyr-da, şol ýerde-de irkilipdir. Oýanypdyr-da, içi «eljuk» diýip duransoň, «Ajymdan ölüp barýan, bir zatlar garbanasym gelýär» diýipdir. Birdenem ýoklukdan ajaýyp nygmatlar peýda bolupdyr. Adam işdämenlik bilen nahar iýipdir. Doýanyndan soňra bolsa, onda ýene-de bir pikir döräpdir:

«Sowujak şerbetem bolaýsady şu pursat».

Pikir ederine mähetdel, sowujak şerbet peýda bolupdyr. Ol islegleriň hasyl bolýan daragtynyň salkyn saýasynda şerbet süzüp oturan ýerinden pikir edip başlapdyr: «Bu ýerde nämeler bolýar-a?! Men düýş görýärmikäm?! Belki-de, bu zatlar al-arwahlaryň, jynlaryň oýny bolup, olar meni oýnajak bolýandyrlar...»

Ol pikirini soňlap ýetişmänkä arwah-jynlar peýda bolupdyr. Olar şeýle bir eýmenç eken.

Adam gorkusyndan ýaňa: «Olar meni öldürerler» diýip oýlanypdyr.

Şeýle-de bolupdyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR