Laýdan ýasalan kiçijik suw küýzesi otagyň bir burçunda duran eken. Otagyň beýleki bir burçunda bolsa agzy kepäp, halys tapdan düşen hassa ýatanmyşyn. Ol wagtal-wagtal: «Suw! Suw...» diýip yňranýarmyşyn. Ýöne onuň ýeke özüni goýup, hossarlarynyň her haýsysy öz işleri bilen gümra bolup giden ekenler. Hassanyň mejalsyz, naýynjar halyna hatda küýzejigem biparh seredip durup bilmändir. Nebsi agyran küýzejik güýjünde baryny edip, nähilidir bir gudrat bilen hassanyň ýatan düşegine tarap togalanyp, onuň edil eliniň aşagyna gelip saklanypdyr. Hassa gözüni açyp garasa, edil eliniň aşagynda küýzejik duranmyşyn. Bu ýagdaýy görüp, haýran galan adam süňňünde ýeňillik duýupdyr. Ol zordan tirsegine daýanyp, küýzejigi göteripdir-de, teşnelikden ýaňa ýarylyp barýan dodagyna basypdyr, ýöne diňe şondan soň küýzejigiň boşdugyny bilip galypdyr. Hassa süňňünde toplanan soňkuja güýjünem küýzejigi diwaryň ýüzüne pylçap urmaga sarp edipdir. Ol çym-pytrak boldupdyr.
Bu hassa meňzemejek bolaweriň — özüňize kömek etmek isleýän kişini küýze döwüklerine öwürmäň! Olaryň yhlasy biderek bolsa-da, ýagşy niýete hormat goýaweriň!
Içi hozly küýze
Öňem bir obaly aýalyna özüniň gowy görýän hozly kökesini bişirip bermegi tabşyrypdyr. Ol hozlary adam eli zordan sygýan, bokurdagy inçejik küýze gapda saklaýar eken.
Ol adam hoz alyp gelmek üçin çykypdyr. Küýzäniň içine elini sokup, gysymyny doldurypdyr-da, elini çykarmaga synanypdyr, emma eli çykmandyr. Ol batlyrak çekip görüpdir, emma eli geçmeýärmişin. Gahar bilen küýzäni iki-baka silkeläp görüpdir, emma eli şonda-da çykmandyr. Onuň gohuna aýaly ylgap gelipdir. Aýaly bar güýjüni jemläp, küýzäni çekse-de, çykaryp bilmändir. Är-aýal halys tapdan düşüp, oturan ýerlerinden töweregi ýaňlandyryp, biri-birine igenip başlapdyrlar.
Gapdaldan geçip barýan bir akyldar nämäniň nämeligine göz ýetirip, şeýle diýipdir:
— Meniň aýdanymy etseň, seni bu dertden dyndyryp bilerdim.
— Men siziň ähli aýtjak zatlaryňyzy etmäge taýýar, hojaýyn, elimi çykarsaňyz bolýar — diýip, hozly köke iýesi gelýän adam naýynjar seslenipdir.
— Bolýar. Ilki bilen, eliňi küýzäniň düýbüne çenli sok.
Adam beýle enaýy maslahata birbada geň galsa-da, onuň aýdyşy ýaly edipdir.
— Indi hozlary taşla, eliň barmaklarynam uzynlygyna bir ýere jemle-de, yza çek.
Adam elini çykarypdyr, aýaly begenip, uçaýjak bolupdyr, ýöne onuň özi welin begenýäne meňzeş dälmişin:
— A-how, meniň elim çykmasyna çykdy, welin, ol boş çykdy ahyry. Hany hoz, gowy görýän kökäm näme?
Akyldar küýzäni alyp, oňa eliniň aýasyny uzatmagy buýrupdyr, soňra bolsa onuň eline geregiçe hoz guýupdyr. Adam akyldara garap durşuna, haýran galmakdan ýaňa agzyny açyp galypdyr:
— Näme diýseňizem, siziň jadygöýlükden başyňyz çykýan bolmaly! — diýip, ol ahyry dillenipdir.
Düşünmegiň şatlygy
Halypa şägirdine öwüt-ündewler beripdir-de, yzyndan:
— Düşündiňmi? — diýip sorapdyr.
— Düşündim — diýip, şägirdi jogap beripdir.
— Sen dogryňy aýtmadyň, düşünen bolsaň, onuň subutnamasy hökmünde ýüzüňde şatlyk alamaty duýlardy.
Dost hem duşman
— Dostuň duşmana öwrülmegi juda aňsat. Duşmanyň dost bolmagy bolsa gaty kyn. Munuň sebäbi nämedir? — diýip, akyldardan sorapdyrlar.
— Dünýäniň gurluşy şeýle. Özüňiz bir pikir edip görüň: jaýy gurmak aňsatmy, ýumurmak? Küýzäni ýasamak aňsatmy, döwmek?! Puly gazanmak aňsatmy, sowmak?
— Ara tow düşen dostlugy dikelmek kyn bolarmy?!
Akyldar gapdalda duran küýzäni alypdyr-da, ýere taşlapdyr. Küýze kül-uşak bolupdyr.
— Şuny ýelimlejek bolan ýaly-da — diýip, ol pessaý ses bilen sorag berene aýdypdyr.
Bilimiň bahasy
Ýaş hökümdar bir akyldary özüne geňeşçi edip alypdyr. Onuň maslahatyna görä iş ýöredýän hökümdaryň ýurdy gülläp ösüpdir. Şoňa laýyklykda geňeşdara tölenilýän hak hem artmak bilen bolupdyr.
Bir gezek akyldar aýalynyň beren nähilidir bir sowalyna «bilemok» diýip jogap beripdir.
— Bolduň men başyma geňeşdar! Hökümdar seniň maslahatlaryň üçin şonça hak töleýär, meniň soraglaryma welin sen hemişe «bilemok» diýip jogap berýäň — diýip, aýaly oňa igenipdir.
Ezizim, hökümdar maňa, hakykatdanam, diňe bilýän zatlarym üçin hak töleýär. Maňa bilmeýän zatlarym üçin hak tölenýän bolanlygynda, tutuş dünýäniň baýlygam ýetmezdi. Hawa, bu dünýäde meniň bilmeýän zadym juda köp.
Ýykylmak hem turmak
Şägirtleriň biri halypadan sorapdyr:
— Halypa, birden meniň ýykylanymy görseňiz, näme diýersiňiz?!
— Tur!
— Soň ýene ýykylsam?
— Ýene-de «Tur!» diýerin.
— Bu ýykylyp, turup ýörmek näçe wagt dowam ederkä?!
— Ýykylsaň, dirikäň hökman turmalydyr! Ýykylanda turmaýanlar ölüdirler.
Işiň başy hem ahyry
Goňşusy zergäriň ýanyna baryp:
— Gaýrat, et-de, maňa ertir irdene çenli tereziňi bersene — diýipdir.
— Gaýrat edenim-ä ýagşy welin, saňa näme diýsemkäm... Mende elek ýok-da.
— Inim, men senden elek soramok ahyry. Maňa, gaýrat et-de, tereziňi bersene — diýip, ol sypaýyçylyk bilen ýene gaýtalapdyr.
— Wah, mende sübsejik ýok-da — diýip, zergär jogap beripdir.
— Sen näme meni oýnatgy hasaplaýaňmy — diýip, dilegi düşüp gelen adam gaharlanypdyr. — Maňa seň sübsäňem gerek däl, elegiňem. Men senden diňe terezi soraýan.
— Köşeş hany, ýaşuly. Seniň garry adamdygyňy görüp durun, altyn külkesinem sen ýere dökmän çekip bilmersiň. Soňra sen agşamlyk sübsejik sorap gelersiň. Soň saňa elegem gerek bolar, sebäbi sen gyzylyň gyryndylaryny gumy-sumy bilen süpürip alarsyň. Men işiň başyny göremsoň, ahyrynam çaklamagy başarýan. Atam, gowusy, sen bu goňşulara barsana. Onda terezem, sübsejigem, elegem bardyr.
Harsaň daşyň arka tarapy
Bir gezek baý täjirleriň biri dana derwüş bilen sataşypdyr. Keýpiçag halda bolansoň, täjir onuň bilen söhbede başlapdyr:
— Bilýäňmi näme, ýaşkam menem hakykaty gözläpdim. Indi welin iş-aladalar bilen oňa elimem degenok. Onsoňam indi bu gözlege bolan höwesem ýok. Ýogsam, ýaşlykda bu şeýle bir özüne çekijidi. Munuň sebäbi nämedekä?!
— Baý aga, şol dagyň çür başyna serediň, nähili owadan, dogrumy?!
— Hawa, juda owadan...
— Ýoluň gyrasynda duran hol harsaň daşy görýäňizmi?! Ýörüň, şonuň arka tarapyna geçip, dagy synlalyň!
— Aýdýanyň näme-how, derwüş, akylyň bir ýerindemi?! Onuň aňyrsyna geçsek, dag görnermi?! Daş dagyň öňüni tutar ahyry.
— Görýäňizmi, baý aga, siziň özüňiz hakykatyň görünmegi-hä beýlede dursun, ony gözlemäge bolan islegiňem duýulmaýan ýerine geçipsiňiz-dä...
Gözel gyz hem şahyr
Söýgi hakda gazallary döretmegiň ussady bolan şahyr ýolda bir gözel gyza duşupdyr. Gyz onuň gözüne kämilligiň nusgasy bolup görnüpdir. Şahyr haýal etmän onuň ýanyna baryp, ilkinji garaýyşdan aşyk bolandygyny aýdypdyr:
— Eý gözel gyz, adamlar meniň söýgä bäş barmagym ýaly beletligimi aýdýarlar. Setirlerim doňan ýürekleri eredip bilýärmişin. Ýöne seniň gül keşbiň meniň ýüregimde yşk ataşyny alawlatdy. Saňa bolan söýgim sebäpli men ýanyp, kül bolaryn.
— Sen nädip maňa aşyk bolup bilýäň — diýip, gyz geň galypdyr. — Özümden kiçi uýam menden has owadan hem akyllydyr. Ol meniň yzyma düşüp gelýär, ilki ony bir synlap gör ahyry.
Şahyr başga bir gudrat görerin diýen pikir bilen derrew yzyna garanypdyr. Emma tamasy çykmandyr, sebäbi onuň gözi yzdan süýrenip gelýän garry kempire düşüpdir.
Şahyr gyzyň yzyndan ýetip, nägilelik bilen oňa şeýle diýipdir:
— Seniň şeýle owadan dahanyňdan nädip beýle ýalan sözler çykyp bildi, eý, gözel gyz?!
— Senem aşyk boldum diýip, ýalan sözlediň ahyry — diýip, gyz jogap beripdir. Eger sen, hakykatdanam, aşyk bolan bolsaň, ýüregiňde maňa bolan yşk ataşy tutaşan bolsa, sen nädip, gaňrylyp, başga zenana seredip bilýäň?!
Bagt nämede?
Şägirt halypasyndan sorapdyr: «Bagt pulda däl» diýen söz näderejede hakykata laýyk gelýär?»
Ol munuň dolulygyna hakykata laýyk gelýändigini aýdypdyr. Muny subut etmekde müşgillik ýok. Çünki pula düşek satyn alyp bilersiň, emma uky satyn almarsyň, nahar satyn alyp bilersiň, emma işdä satyn almarsyň, derman satyn alyp bilersiň, emma saglyk alyp bilmersiň, puluňa hyzmatkär tutunyp bilersiň, emma dost alyp bilmersiň, aýal alyp bilersiň, emma söýgi satyn alyp bilmersiň, ýaşara jaý satyn alyp bilersiň, emma öý-ojak alyp bilmersiň, wagtyňy hoş geçirer ýaly zatlary satyn alyp bilersiň, emma şatlygy alyp bilmersiň, hakyna mugallym tutup bilersiň, emma akyl satyn alyp bilmersiň. Bu sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmalydyr.
“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.