GOŞA BAÝRAM – GOŞA TOÝ

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar. Türkmenistan ösen döwletlere deň derejedäki hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem rowaçlyklara eýe bolundy. Ýurduň konstitusiýasy döwletiň esasy kanunydyr. Konstitusiýada döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär. Şeýle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, ylyma saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary kepillendirilýär.

Konstitusiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Ol döwletimiziň esasy syýasy-hukuk resminamasy bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeleri kesgitlenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeýle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär. 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Türkmenistanyň Ýaşulylar maslahatynda hormatly Prezidentimiziň gol çekip tassyklamagy bilen “Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýlip yglan edildi.

2008-nji ýylyň 29-nji iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzy şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň beýik flagştogda pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Ýaşyl Tugumyzdaky Aýyň şekili mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzdaky abadançylygyň, asudalygyň nyşanydyr. Baýdagymyzdaky bäş ýyldyz biziň bäş müňýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň we bäş welaýatymyzyň, arassa, parahat, asuda asmanymyzyň nyşanlarydyr. Döwlet Baýdagymyzdaky haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini aňladýar. Baýdagymyzdaky zeýtun ýapraklary bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny, dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.

Toýlary-toýa ulaşýan ýurdumyzda, halkymyzy asuda parahat ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz hemişe parahat we asuda bolsun, ýaşyl Tugumyz hemişe erkana pasyrdap dursun. Bütin türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR