TÜRKMEN OJAGYNYŇ BEZEGI-MUKADDES TÜRKMEN TAMDYRY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar, milli gymmatlyklarymyzyň belent nusgasy mynasyp dowam etdirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň aňynda hem kalbynda milli gymmatlyklarymyza bolan sarpany, buýsanjy has-da goşalandyrýar. Milliligi kalbyna siňen türkmen halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, medeni-mirasy hem-de baý medeniýeti bar. Üstünden ençeme asyrlar geçse-de, gymmaty egsilmejek milli gymmatlyklaryň biri-de her bir türkmen ojagynyň bezegi, mukaddes türkmen tamdyrydyr. Türkmen däp-dessurlarynda we milli yrym-adatlarynda tamdyr maddy-medeni ýadygärlik hökmünde möhüm orny eýeleýär. Mukaddes tamdyr ähli döwürde hem mukaddes saýylyp, häzirki güne çenli halkymyz üçin agzybirligiň, yrsgal-döwletiň hem jebisligiň nusgasy hasaplanýar. Halkymyz arasynda tamdyr bilen bagly urp-adatlar, däpler hem aýtgylar köp. Türkmen her öýüniň howlusyna ýaraşyk berýän tamdyry keramatyň, mukaddesligiň, agzybirligiň, bolelinligiň nyşany hasap edýär. Tamdyryň her bir türkmen maşgalasynyň howlusynyň arassaja bir böwründe gurulýandygyny hemmämiz bilýäris. Türkmençilikde täze jaýa göçülende ilki bilen “öýümiz yrsgal-döwletli bolsyn” diýip, enelerimiz tamdyr gurupdyrlar. Tamdyr gurmagyň hem inçe syrlary bolupdyr. Bu syrlary ýagşy bilýän kämil çykan aýal maşgalalar bolupdyr. Ilki bilen tamdyryň guruljak ýerini saýlap, sähetli günüň birinde gurmaga başlapdyrlar. Öňler tamdyry toýun palçygyndan gurupdyrlar. Häzirki döwürde bolsa, kerpiçden salyp, şykgy gumundan palçyk edip, içine ýylaşan saman garyp, birnäçe günläp palçyga suw sepeläp, täzeden garyp günüň aşagynda goýypdyrlar. Soňra salynan tamdyry samanly şykgy palçygy bilen suwapdyrlar. Beýle edilmeginiň her biriniň öz aýratynlykda sebäpleri bar. Mysal üçin samanly şykgy palçygy bilen suwalmagynyň sebäbi tamdyryň öz gyzgynlygyny uzak wagtlap saklamagyna, suwagyň ýarylmazlygyna hem ýardam edipdir. Tamdyryň daşky diwary milli nagşymyz bolan goçak nagşy edilip tamdyra özboluşly bezeg beripdir. Bu goçak nagşynyň edilmegi hem gözden-dilden gorasyn diýip yrym edilipdir. Tamdyr taýýar bolandan soňra, berk hem-de pugta bolmagy üçin içinde haýal ot ýakyp, tamdyry onuň howruna bişiripdirler. Şeýle hem her ýylda bir gezek täzeden suwamak parz hasap edilipdir. Birinji gezek tamdyrda ýagşy niýet bilen petir nanyny bişiripdirler hem-de çagalara, goňşy-golama paýlapdyrlar. Tamdyrdan lowlap çykan mele myssyk nanymyzy göreniňde hem ene-mamalarymyzyň şeýle kalby päklik bilen uly sungata eýediklerine göz ýetirmek bolýar.

Ene-mamalarymyzyň çeken her bir nagşy, dokan halylary, tiken egin-eşikleri, taýýarlan öý bezegleri, bişiren çörekdir, azyk önümleri, ýetişdiren hasyllary üýtgeşik tebigy zehiniň hem-de maşgalasyna, öý-ojagyna bolan egsilmez söýgüniň miweleridir. Milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan mukaddes tamdyryň, onda ýapylýan mele myssyk çöregiň ysy her bir türkmen ojagynda bark ursyn! Mukaddes tamdyrda mele-myssyk nany bişirmegiň inçe syrlary eneden-gyza geçip, dowamaty-dowam tapsyn!

Öňki makala

HÄSIÝET

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR