HÄSIÝET

Ýagşy zamana ýagşy häsiýetler ýaraşar Nireden okanymy bilemok, kimden eşidenim ýadyma düşenok, ýöne aňymda galşyna görä, gadym döwürde adamlar „Ýene bir günümiz ötdi” diýip aglar ekenler. Aglasaňam, aglamasaňam, nalasaňam, nalamasaňam, halasaňam, halamasaňam, aýlar aýlanyp, günler ötüp dur. Erkimizde ýok zady üýtgetjek bolmak – gury zähmet, ýöne üýtgedip bolýan zatlaryň aladasyny etmezlik welin, uly ýalňyşlyk. Dürli kärdäki, ýakyn we alys ýerdäki adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň käbirinden “Zandyňda bolmasa, üýtgäp bolýarmy?”, „ýaradylyşyň şeýle bolsa, dagy başgaça nähili çemeleşjek”, “Meniň häsiýetim şeýle-dä, şu häsiýetimden örtenip geçýän” diýen jümleleri häli-şindi eşidýäris. Üstesine-de, olar bu sözleri şeýle bir ynamly aýdýarlar welin, hamana, bu gylyk-häsiýet özlerine ýörite Hudaý tarapyndan inderilen peşgeşdir öýdenoklar. Gowy gylyk däldigine gözleri ýetip dur, emma aňlarynda ornaşan ýekeje ýalňyş düşünje zerarly, ençeme bähbitlerden binesip galýarlar. Halkyň arasynda, adamlaryň aňynda häsiýet baradaky nakyllar, aýtgylar giňden ýaýran. Arada biri „Nämä ynansaň, ynan, ýöne pylanyň häsiýeti üýtgäpdir diýseler, ynanma” diýen söz ähli adam babatda dogrumy?” diýip sorag berdi. 41 Aslynda, “häsiýet” näme? Orta asyrlarda ýazylan lukmançylyk eserlerinde, adalgalara berilýän düşündirişli sözlüklerde „häsiýet” diýilýän zadyň daş-töweregiňdäki adamlardan, öýüň we jemgyýetiň terbiýesinden täsirlenip, özüňde kemala getiren, ornaşdyran, hususylaşdyran gylyklaryňdygy, endikleriňdigi, edim-gylymlaryňdygy ýaňzydylýar. Aýdylyş taýdan biri-birine juda ýakyn bolan „häsiýet” we „hususyýet” sözleri bir kökden gözbaş alýar. Häsiýet seniň dogabitdi tebigatyňy aňlatmaýar. Sen ony üýtgedip bilmäge ukyplysyň. „Siz özüňizi üýtgetmeseňiz, Alla-da size bolan garaýşyny üýtgetmez” diýilýär. Aslynda, üýtgäp, özgerip durmak – beden saglygy üçinem, ruhy sagdynlyk üçinem ýaramly ýagdaý. Biz bu ýerde diňe gowulyga tarap üýtgemeklik hakda gürrüň edýäris. Bir durkuňda saklanmak, üýtgemezlik ajaýyp zat bolsa, Allatagala pasyllary çalşyryp, tebigaty üýtgedip durmazdy. Öwrenmeli we özgermeli. Kämillige çäk ýok, barha öňe ymtylmaly. Beýiklik babatda Günüň deňine ýetdiňmi, ýene aňyrlara ýöräber, bir ýerden butnamazlyk baş ýörelgäňe ters geler. Bir ýerde saklanmaklyk kämilligiň alamaty däldir. Özüňi öňküdenem kämilleşdirmek, gözelleşdirmek üçin, ilkinji nobatda, aň-düşünjede özgermek gerek. Ýaramaz duýgulary, seni ýagşy işlerden, amallardan alyp galýan garaýyşlary, ýerliksiz çekinjeňligi aradan aýyrmaly. Entek görülmedik ýodalar gözümize garaňky görünýär. „Garaňky” diýlende, çaga gorkusyny ýadyňyza salyň. Ähli zat gündizki ýaly, jaýam öňki ýerinde, bagam öňki ýerinde, diňe şol hakykatyň üstüni örtüp duran garaňkylyk bar. Ulular, ýagny akyly ýetýänler, ol ýerde gorkara zadyň ýokdugyny ýaňzydarlar, ýöne çagalar welin, ýanyna ýoldaş bolmasaň, bir ädim hem öňe ýöremezler. Bizem edil şonuň ýaly. Gorkýan-u çekinýän zatlarymyzyň köpüsiniň aňyrsynda ýada astynda, diňe öz aňymyzda berkäp galan birje duýgy ýatyr: nämälimlik, näbellilik. Adamlaryň köpüsi şol „nämälimlikden” jyndan 42 gorkuşy ýaly çekinýär. Eger şu häsiýetini, şu ýagdaýyny üýtgedäýse, bu gününem, bu halynam tapmaz öýdüp, gorka gaplanýar. Şonuň üçinem „Begendirmeýän täzelikden, netijesi öňünden mälim bolmaýan gelejekden, öwrenilişen öňkülik oňat” diýip, öňküje güni bilen gezenini kem görenok. Ýüregi üýtgeşiklige atygsap dursa-da, şol çekinjeňligi sebäpli, ikirjiňlenmesi zerarly, gapysy giňden açylýan gelejege göni bakyp bilenok. Şu ýerde halypa mugallymymyzyň bir tymsalyny ýatlasym gelýär. Dersde ýaşaýan ene gurçuklaryň biri öz perzendine gurçuklaryň taryhy, gelip çykyşy we ýaýraýşy, garyndaşlary hakda şeýle gürrüň berip oturan eken: „Gurçuklaram dürli-dürli. Käbirleri derslerde ýaşaýar. Gumdan iýmitlenýän gurçuklar bar, rysgaly bugdaýdan, arpadan bolan gurçuklar bolýar. Käbiri üzümdir almalarda ýaşaýar...”. Ogly enesine ýüzlenip: „Ene, onuň ýaly bolsa, bizem şol ýerlere göçüp gidelile” diýipdir. Enesi oňa: „Bor-la, oglum, öwrenişenje ýerimizde oňňut edibereli” diýip jogap berenmiş. Bu bir tymsal, ýöne käbir adamlaryň özüni alyp barşy şol ene gurçugyňkydan enaýy däl. „Akar suw bir ýerde uzak saklansa, sadyr atýar”, täze atyzlary agdarmaýan pil poslap başlaýar. Aý aýlanyp, ýer öwrülip durmasa, älemdäki sazlaşyk ýitýär. Bu durmuş şeýle ýaradylan, bir ýerde durdugyň – yza gaýtdygyň. Gowulyga özgerip bolmaýandygy hakdaky pikiri ýa-da başarjakdygyňa bolan ynamsyzlygy aňyňdan öçürmeli. Müň ylganyň bilen adamyň häsiýeti üýtgemeýän bolsa, onda adamlaryň aňyny özgerdip, olara dogry ýola düşmegi, özüňi gözel alyp barmalydygyny ündeýän ylahy kitaplar inermidi?! Kimdir biriniň häsiýetini üýtgedip bolmaýan bolsa, onda parasatly sözleri, hikmetleri, öwüt-nesihatlary aýdyp oturmagyň nä hajaty bar? Bularyň ählisi, hut häsiýetiňi has-da gözelleşdirmek üçin ýüze çykan ahyry. 43 Diňe adamlar däl, terbiýe gören haýwanlaram häsiýetini, özüni alyp barşyny üýtgedýär ahyry! Munuň üçin bolsa düşünje we isleg gerek. Gowy häsiýetlere bürenip bolýandygyna, özüňi terbiýelemegiň mümkindigine düşünmeli. Ýagşy gylyklaryň, edim-gylymlaryň geljegiňe saçyp biljek ýagtysy hakda, gowy häsiýetleriň ähmiýeti we zerurlygy hakda oňatja oýlansaň we şoňa tarap ymtylsaň, özüňizdäki täze özgerişliklere basym göz ýetirersiňiz. „Kim gözellik, gowulyk ýolunda yhlas-tagalla etse, elbetde, biz ony bu ýollara gönükdireris” diýlip, Kurany-kerimde aýdylýar. Diňe adamlaryň daşyňyzdan synlap, hoşamaýlyk bilen uzakdan söz gatýandygyny ýa-da „tüweleme” diýýändgini däl, Allanyň ýüzüňize çaýýan ýalkymyny hem duýarsyňyz. Köňül gözüni ümezledip duran käbir häsiýetler durmuşyň açyk gapylaryny görmekden saklan bolsa, mundan soň çar ýanyňyzyň bagtyň açyk derwezesidigine haýran galyjylyk bilen seredersiňiz. Şol pursatda ýagşy häsiýetler arkaly durmuşda has köp zatlary gazanyp bolýandygyny görersiňiz. Kapasa endik eden laçyn soňabaka asmana galmak höwesini we ukybyny ýitirýär. Onuň öýde gezýän towukdan tapawudy bolmaýar. Aňymyza ornan ýekeje ýalňyş düşünje bizi bir hasiýetiň kapasasynda saklap galýar. Ters düşünjeden saplanmak zerur. Näçe tiz bolsa, şonçada gowy. Adama kämilleşmek mahsus. Tebigatyň bagyş eden mümkinçiligini ulanyp bilmezlik – nygmaty harlamak bilen des-deň. Gowy häsiýetlere kem-kemden endik edibermeli. Ýürekden ynanan ýeriňde, ýürekden ýapyşan ýeriňde eliňe ilmejek zat ýok. Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, „bir menzile ýetmän galmarsyň”. Gözel häsiýetler dünýäniň gözelligini has-da açyp görkezýär, has-da açyk görkezýär. Oňat gylyk-häsiýetleri özüňde jemle. Şonda bagtyň özi saňa meňzäp bilse, armanly bolmaz. Sen durmuşyňam, 44 dünýäniňem, tebigatyňam, daş-töweregimizdäki ähli adamlaryňam diňe owadan taraplaryny görersiň. Görýän zadyň aňyňda berkäp barşyna, ykbalyňa ýalkymyny çaýar. Günden ýylylyk, Aýdan owadanlyk alar. Pikirlenişiň, dünýä akyl ýetirişiň, özüňi duýşuň, duýgularyň şeýle bir gözelleşer, ykbal bilen nähili ajaýyp sazlaşyk tapyp bolýan bolsa, sen şony hem gazanarsyň. Ana şonda, gadymy adamlar ýaly „Ýene bir günümiz ötdi” diýip aglamarsyň-da: “Meniň manyly ömrümiň ýene bir güni artdy” diýip, şükür edersiň. Üýtgedip bolýan zatlary gowulyga üýtgedeliň!

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR