ÝAGLYGA TOWUSMAK

Has ýokarlygyna bökmäge ukyplylaryň ýaryşyna kimiň tomaşa edesi gelenok? Ine, bu ýaryşa hem türkmenler ýaglyga towusmak diýip at berýärler

Oýnalýan ýeri, oňa gerek tükellemeler. Sport meýdançasy ýa-da sport öýi. Dürli reňkli ýaglyklar.

Taýýarlyk. Oýunçylar sany we güýji boýunça iki topara bölünýärler. Meýdançanyň ortasynda dürli beýiklikde birnäçe reňkli ýaglyklar asylýar. Oýunçylaryň esasy maksady has ýokarda ýerleşýän ýaglygy towsup almak bolup durýar. Oýunçy has ýokarda ýerleşýän ýaglygy alanda ball, ortada ýerleşýän ýaglygy alanda ball, aşakda ýerleşýän ýaglygy alanda bolsa ball gazanýar.

Oýnalyş täri. Toparlar gezekligezegine towusmak bilen ýaglygy almaga çalyşýarlar. Has köp ball gazanan topar ýeňiji hasaplanylýar.

Oýnuň düzgünleri:

1 Her oýunçynyň bir synanyşyga hukugy bar..

2 Oýunçy böküp, ýaglygy alyp bilse, ol onuňky hasaplanylýar.

3.Oýunçy ýaglyga el degrip bilmese ýa-da ony alyp bilmese, onuň yz ýanynda nobatda garaşyp duran ylgaýar we ýokary bökýär.

Oýnuň terbiýeçilik ähmiýeti we onuň geçiriliş usulyýeti. “Ýaglyga towusmak” gadymy türkmen halk oýny bolup, ol häzirki zaman türkmen toýlarynyň we döwletimizde geçirilýän ähli baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar. “Ýaglyga towusmak” sportuň milli görnüşidir. Oýunda beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär, dostluk, ýoldaşlyk duýgulary kämilleşdirilýär.

Indiki makala

HÄSIÝET

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR