MINNETDAR NESILLERIŇ HAKYDASYNDA

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna

Ýyllar bizi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňişden barha daşlaşdyrýar. Ynsan hakydasyndan öçmejek şol Ýeňşiň şöhraty has-da belentliklere göterýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösýän, asuda, abadan durmuşyň eşretlerini görýän halkymyz şöhratly taryhyna, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň ar-namysy, azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda görkezen merdanalygyna we beýik gahrymançylygyna belent sarpa goýulýar. Ýaş nesil üçin ar-namysyň, ýanbermezligiň, beýik gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň mekdebi bolup aramyzda ýaşap ýören Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna, uruş ýyllarynda gijesini gündiz edip, tylda zähmet çekenlere goýulýan hormat-hatyra has-da artýar. Gahryman Arkadagymyz “1941-1945-nji ýyllaryň beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň-uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, öz zähmeti bilen Beýik Ýeňişe saldamly goşant goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymançylyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata-watany jan-dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip ýetişdirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir” diýip bellemegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

Golaýda Tejen, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň gurnamagynda,Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň medeniýet merkezinde Beýik Ýeňişiň 78 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Watan gahrymanlaryny hormatlap” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Duşuşygynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň Ýeňiş gününiň baýramçylygy mynasybetli taýýarlan kitap sergisi bilen içgin tanyşdyrlar.Sergilere syn edilýän pursatlarynda bu çärä gatnaşyjylaryň arasynda özara gyzykly hem-de täsirli pikir alyşmalar dowam etdi.

Beýik ýeňişiň 78 ýyllygy mynasybetli “Watan gahrymanlaryny hormatlap” atly şygar astynda aýdym-sazly, şatlykly-şowhunly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara etrap bilim bölüminiň, medeniýet bölüminiň jogapkär işgärleri, ýaşuly gojalar, ak saçly enelerimiz we etrabyň edara-kärhanalarynda netijeli zähmet çekýän ýaşlar hem-de ilkinji ýaşlar guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Beýik ýeňişiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar.

Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistan döwletimizi şular ýaly ajaýyp döwürde ýaşadýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan uly tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Leýli ÇARYGELDIÝEWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

BAGT NIREDE?

Indiki makala

ÝAGLYGA TOWUSMAK

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR