Ullakan it guýrugyny tutjak bolup, pyr-pyrpyrlanýan güjügi görüp, ondan sorapdyr:
— Kowalar ýaly, beýle näme bar ol guýrukda?
— Men bu dünýäniň gurluşyna akyl ýetirdim. Menden öň hiç bir it hem muňa düşünen däldir: Men it üçin iň gowy zadyň bagtdygyny, öz bagtymyňam guýrugymdadygyny bildim. Şonuň üçinem ony tutjak bolýan-da. Tutaryn welin, bagt meňki bolar. — diýip, güjüjek demi-demine ýetmän, jogap beripdir.
It agraslyk bilen şeýle diýipdir:
— Oglum, menem bu dünýäniň meseleleri bilen gyzyklanypdym, ol barada gelen netijämem bardy. Menem bagtyň it üçin gowy zatdygyna, öz bagtymyňam guýrukdadygyna düşündim. Ýöne men nirä gitsemem, näme işlesemem, onuň hemişe yzyma düşüp ýörenligine-de akyl ýetirdim. Onuň yzyndan kowalap ýörmek hökmanam däl eken.