Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, möhüm ähmiýetli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanmyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilýär. Ylym-bilim ulgamyna berýän ünsi netijesinde zehinli ýaşlar ýüze çykyp, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremegine, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine getirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, innewosýon tehnalogiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler. Bilim bermekde sanly tehnalogiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň, ähli ylym-bilim edaralarynyň dünýä derejesine laýyk gelýän täze tehnalogiýalar bilen üpjün edilmegi netijesinde bu ugurda ösüşler gazanylýar. Biz ýaşlar özümize döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, okamagy, öwrenmegi, döretmegi baş maksadymyz hasaplap, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly, ilhalal adamlar bolup ýetişeris.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.