Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda her bir günimiz toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär.Halkymyz her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belleýär.
Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr we milli gymmatlyklarymyza janymyz tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir.Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Esasy Kanunymyzyň 35nji maddasynda her bir adamyň erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige hukugynyň bardygy beýan edilýär. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar.Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kanunyň hökmürowanlygyna, adalatly we ynsanperwer jemgyýetiň hasda ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Halkymyzyň milli guwanjy bolan Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň Esasy Kanuny bilen birlikde bitewüligi emele getirýär. Çünki olarda ata-babalarymyzyň umyt arzuwlary,häzirki bagtyýar zamanamyza we eşretli geljegimize bolan ynam jemlenendir. Baýdagymyzyň esasyny düzýän ýaşyl reňk ýaşaýşyň gönezligidir,türkmen halysynyň gölleri bolsa bäş welaýatymyzyň doganlygynyň alamatydyr. Aý we bäş sany ýyldyz öz gezeginde, halkymyzyň asuda asmanyň astynda azat, erkin, agzybir durmuşda ýaşaýandygyny aňladýar. Döwletimiziň milli buýsanjyna öwrülen mukaddesliklerimiziň mertebesini saklamak her birimiziň borjumyz bolup, ata Watanymyza we halkymyza bolan uly hormaty, sarpany aňladýar.Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hemde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Durmuşyň we döredijiligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu mukaddesliklerimiziň astynda jebisleşen halkymyz agzybirlikde döredijilikli zähmet çekýär. Biz hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Biz ýaşlara okamana, işlemäne, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Jennet TÖRAÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.