2023-nji ýylyň 24-25-nji maýda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçiriler. Ony Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bile guraýar.
Guramaçylaryň nygtaýşy ýaly, bu giň gerimli çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtyň ajaýyp keşbini şöhlelendirmäge ýardam eder.
Sergide oňa gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk, senagat, medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gazanan üstünlikleri, durmuş-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar.
Däp bolşy ýaly, sergide hödürlenýän taslamalaryň aglabasy türkmen paýtagtyny bezeýän ajaýyp binalarda we binagärlik desgalarynda giňden şöhlelenendir.
Bu sergide mälim bolşy ýaly 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ” ýylynda ýaşlary bilim hemde tejribe taýdan ösdürmek üçin sergide ýaş hünärmenler paýtagtynyň şähergurluşyk, senagat, medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gazanan üstünlikleri barada çykyş ederler.
Döwletmyrat BAGYBEKOW,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň 1-nji ýyl talyby.