Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününi her ýylyň 18-nji maýynda uly dabaralar bilen belleýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni taryhymyza berk binýat bolup ýazyldy. Türkmen halkymyzyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmak baradaky umyt-arzuwlarynyň hasylyny bu baýramçylykda aýdyň görýäris. Konstitusiýa döwletimiziň kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Biziň Konstitusiýamyz iň gowy milli däpleri hem-de dünýäniň demokratik tejribesini sazlaşykly birleşdirilýän döwlet gurluşynyň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär. Şonuň bilen birlikde, durmuşyň talaplaryna laýyklykda Esasy Kanunymyz döwrebaplaşdyrylýar we kämilleşdirilýär, bu bolsa onuň döredijilikli häsiýetiniň subutnamasydyr.
Konstitusiýam – bagt kitabym. Çünki türkmen döwletiniň Baş Kanunynda - Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy barada aýdylyp, ýurdumyzda adam sarpasynyň belentde tutulýandygyna, adam hakdaky aladanyň baş alada bolup durýandygyna aýdyň alamatdyr. Şunuň bilen baglylykda biziň her birimiz Garaşsyz hem baky Bitarap diýarymyzyň pajarlap ösmegine goşandymyzy goşup, ruhubelentlikde päk ýürekden zähmet çekmelidiris. Munuň özi biziň jana-jan borjumyza öwrülmelidir.
Häzirki beýik döwrümizde bolsa Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyzyň abraý-mertebesi dünýä ýüzünde belentdir. Türkmen halky ýaşyl baýdagyny belentde pasyrdadyp ösüşli ýollary geçýär. Bu gün her bir türkmen maşgalasy Döwlet Baştutanymyzyň aladasyna gurşalmak bilen bagtyýar durmuşyň hözürini görýär. Şeýle baýramçylyklardyr - dabaralar bolsa türkmeniň bagtyýar durmuşyny ýene bir gezek subut edýär. Türkmen mertebeliliginiň ajaýyp nusgasy, döwletliligiň nyşany hasaplanylýan ýaşyl tugumyz dünýäde belentliklerde parlaýar. Ol hemişe belentde, ata-Watana çäksiz söýgi, dogduk mekana mähribanlyk mysaly hemişe nurly, hemişe-de öňde parlaýar. Döwlet Baýdagy halkyň ýürek owazy bolup ýaňlanýan ajaýyplyklara guwanjyny, ata-Watana söýgüsini özünde jemleýär.
Hawa, ýaşyl Baýdagymyz, Tugramyz hem-de Döwlet senamyz kimin keramatly nyşanlarymyzyň öňünde baş egmek halkymyzyň bu mukaddesliklere belent sarpasynyň beýanyna öwrülen dessur bolup, ýüreklerimize ornady. Ol taryhda gahrymançylyk görkezen, ata Watanymyz üçin baş goýan pederlerimiziň mertligine goýulýan tagzymdyr, durmuşy rowaçlyga beslenen türkmeniň aýdyň geljege bolan mizemez ynamynyň alamatydyr. Asuda asmanymyzda buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugumyz diňe bir halkymyzyň asyrlarboýy eden päk arzuwlarynyň amala aşmagyny däl, eýsem, ähli milli mukaddesliklerimiziň ýeten belent derejelerini alamatlandyrýar. Munuň özi watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik ýaly beýik düşünjeleriň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Bize nurana, berkararlygyň baky mukamyny ýatladyp, asuda asmanda birenaýy pasyrdaýan döwlet Baýdagymyzyň gudratly güýjüniň astynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze belentliklerine alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Azat HAÝYDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.