Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumly işleri dowamaty dowam bolup gelen Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzy gurşap alan özgertmeler, bolup geçýän şanly wakalar aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda geçen Halk Maslahatynyň mejlisi taryhy ähmiýeti wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyz şol mejlisdäki çuň manyly çykyşynda ýaşlar hakda edýän aladalara aýratyn ünsi çekmegi bizde aýratyn uly ruhubelentlik döredip, netijeli, döredijilikli zähmet çekmäge we öňde duran wezipelere üstünlikli hötde gelmäge joşgun döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji aprelinde geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy, saýasy ähmiýetini raýatlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, Ahal welaýatymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy, welaýatymyzyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleriniň şeýle-de dili senaly ýaşulularyň we mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly duşuşyk hem örän täsirli boldy. Çykyşlarda bellenilşi ýaly täze taryhy döwrümizde berkarar Watanymyzy ähli babatda gülledip ösdürmek boýunça giň möçberli, wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, döwletiň we jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylýandygy, döwlet häkimýet, dolandyryş edaralarynyň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilýändigi barada aýdylyp, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleriniň barha rowaçlanmagynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy aýratyn bellenildi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda toplan tejribelerine berk eýermek bilen, täze taryhy döwrümizde ulus-ilimiziň bagtyýarlygyna, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arakadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.