MERTEBE TUGY

Bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasaty netijesine Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dünýäniň çar künjünde erkana pasyrdaýar. Baýdak – erkin döwletimiziň nyşany. Baýdak halkyň saýlap alan ýoluny, pikir-garaýşyny, ýörelgesini nesillere pent-ündewi aňladýar. Döwlet baýdagymyz şu beýik zamanamyzyň köňül owazyny ýaýyp, dünýä ýüzünde belentde pasyrdaýar. Baýdaga hormat edilmegi, şol ýurtda halka hormat edilmegidir. Baýdagyň erkana pasyrdap durmagy – halkyň garaşsyzlygynyň alamatydyr, erkinliginiň beýanydyr. Öz milli baýdagyna hormat goýup, ony belende göterip bilen döwlet Baştutany, onuň agzybir halky, ýurdy beýikdir. Agzybirlik, abadançylyk bolan ýurtda bolsa ähli ugurda öňegidişlikleriň boljagyna söz bolup bilmez.

Hormatly Prezidentimiziň her birimiziň öňümizde goýýan belent wezipeleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam edýän mukaddes ýolumyzyň badalgasydyr. Ol wezipeler biziň her birimiziň geljegimiz üçin amala aşyrylmaly borçlarymyzy kesgitleýär. Biz haýsy käriň, hünäriň eýesi bolanymyzda-da özümiziň şu Diýar, şu toprak üçin çekýän zähmetimize, hakyky Watan perzendi hökmünde lezzet almagy başarmalydyrys. Munuň üçin al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl tugumyzyň belentliklerden-belentliklere galmagyna biziň her birimiziň perzentlik söýgümize baglydygyna göz ýetirmek hem ýeterlik. Çünki, Watan, baýdak, ene-ata ýaly mukaddes duýgularyň ählisine degişli bir umumylyk bar. Ol umumylyklaryň ählisinde-de biziň perzentlik söýgümiz bar. Döwlet baýdagymyz halkyň ýürek owazy bolup ýaňlanýan ajaýyplyklara guwanjyny, ata-Watana söýgüsini özünde jemleýär.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala-aşyrylýan beýik işler, giň möçberli özgertmeler halkymyzyň kalbynda orun alýar, her bir ynsanyň ýurt berkararlygyny pugtalandyrmaga, täze eýýamymyzy ajaýyp işleri bilen beýgeltmäge bolan duýgusyny artdyrýar. Döwlet baýdagymyz biziň Garaşsyz, baky Birtarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, berkararlygynyň nyşany hökmünde asuda asmanymyzda erkin parlaýar. Ol biziň milletimiziň beýikligini, parahatçylyksöýüjiligini, agzybirligini dünýä ýaýýar. Ýaşyl tugumyz halkymyzyň bitewiliginiň, milli buýsanjymyzyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet baýdagymyz özüne ýaşaýşyň ýaşyl reňkini siňdiripdir. Bu onuň dowamata uzap gitjekdigini, halkymyzyň mundan-da nurana günlere ýetjekdigini aňladýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – milletiň agzybirliginiň, garaşsyzlygynyň hem-de döwlet bitaraplygynyň nyşanydyr. Döwletimiziň nyşany, milletimiziň belent ruhy we her bir türkmeniň buýsanjy bolan ýaşyl tugumyz elmydama erkana pasyrdasyn we täze galkynyşly döwrümiziň dabaralanmasy bolup, ak Aşgabadymyzyň asuda asmanyny bezesin.

 

Amanmyrat DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY