TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ EKOLOGIÝA HUKUGYNYŇ KONSTITUSION KEPILLIKLERI

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen kadalardan gözbaş alýan hukuklar we borçlar döwletimizde geçirilýän toplumlaýyn özgertmelerde, ösüşlerde öz beýanyny tapýar. Bu ugurdaky hukuk kadalaryň köpugurly kanunlar toplumynda berkidilmegi bolsa ekologiýa hukugynyň aýratynlyklaryny alamatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda talap edilmegi, Esasy Kanunymyzyň düzgünlerinden gelip çykýar.

Häzirki wagtda dünýä bileleşigi tarapyndan esas goýujy hukuklar hökmünde ykrar edilýän raýatlaryň amatly daşky gurşaw babatynda ekologik hukuklaryny üpjün etmek adamyň ýaşaýyş hiliniň esasy konstitusion alamatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalarda ekologiýa talaplarynyň beýan edilmegi döwrebap ylmy hukuk çemeleşmäniň tejribede ornaşdyrylmagynyň özboluşly usuly bolup çykyş edýär.

Häzirki zaman şertlerinde adamyň ekologiýa hukuklarynyň doly we netijeli amala aşyrylmagynyň konstitusion taýdan berkidilmegi ýurduň demokratik ösüşiniň wajyp görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny berkidýän kadalarynda adamyň we jemgyýetiň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygyny düzgünleşdirýän ýörelgeleriň kesgitlenilmegi ekologiýa hukugynyň binýatlyk düzgünlerini emele getirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji, 15-nji we 53-nji maddalarynda berkidilen konstitusion kadalar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelmek bilen, milli kanunçylygyň ekologiýalaşmagynyň Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygyny aýdyň görkezýär. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu kadalar adamyň amatly daşky gurşawa bolan binýatlaýyn hukuklaryny has-da berkidýär.

Her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygyny göz öňünde tutýan hukuk kadanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilmegi, ekologiýa deňagramlylygynyň üpjün edilmeginde, şeýle hem, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Daşky gurşawy goramak boýunça konstitusion kadalar ekologiýa köpdürlüligiň goragyny ileri tutýan umumy hukuk ýörelgelerini belleýär, ilatyň sagdyn ýaşaýyş durmuş şertlerini goramak we üpjün etmek maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna degişli çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde her bir adamyň amatly daşky gurşawa bolan ekologiýa hukugynyň konstitusion kepillikleri möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi, jemgyýetiň öňe gitmeginiň esasynda adam hukuklarynyň mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynda daşky gurşawy goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda, senagat önümçiliginiň ösmegi bilen ekologik talaplaryň berjaý edilmeginiň sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasy talap bolup durýar.

 

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Öňki makala

MERTEBE TUGY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY