ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ŞÄHERI

Gujagynda gözel öwüşgünli mermer binalaryň köplügini jemleýän paýtagt şäherimiziň ýakymy Hormatly Prezidentimiziň dowamly tagallalary netijesinde bu gün dünýä ýüzüni baglaýar. Aşgabat 2013-nji ýylda dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň iň köp ýerleşýän şäheri höküminde Ginnesiň rekordlar kitabyna bu ugur boýunça ilkinji bolup girizildi. 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni. Bu paýtagtyň baýramy. Paýtagt ýurduň bezegi, zynaty hem keşbi. Şonuň üçin paýtagtyň baýramy hemmeleriň baýramy. Ak şäherimiz Aşgabat toý-baýramlaryň mekany.

Gündogaryň merjen şäheri, eziz Türkmenistan Watanymyzyň ýüregi Aşgabat öz ösüş ýoluny, ak mermer keşbini Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen has-da baýlaşdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri - Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber yhlasy we taýsyz tagallalary bilen ösüp-özgerýän gözel paýtagtymyz Aşgabady bu günki gün görmäge göz gerek. Agzybir halkymyz Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şöhratly taryhyny nusga, pederleriň paýhasyny baýdak edinip, asyrlar dowamynda gursagynda göteren arzuwlaryna ýetýär hem-de ösüşli dünýäniň belentliklerine çykýar. Bu hakykat türkmeniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetýän belent sepgitlerinde has aýdyň görünýär. Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň we ýurduň gözel paýtagty Aşgabadyň ajaýyp keşbi döwrebap ösüşleri, giň möçberli gurluşyklary, ýaşamak üçin oňaýlylygy, arassalygy, ýaşyl baglary we gülzarlyga beslenen owadanlygy bilen göreni haýrana goýýar. Paýtagt şäherimiziň dünýä nusgalyk keşbiniň emele gelmegi Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Watana, il-halka bolan beýik söýgüsinden, jöwher paýhasyndan hasyl bolýar. Dostlugyň, söýgüniň we asudalygyň şäheri bolan Aşgabatda ýaşamak, bilim almak we döretmek uly bagtdyr.

Türkmenistan parahatçylygyň we agzybirligiň, abadançylygyň ýurdy, paýtagtymyz Aşgabat bolsa şeýle asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan parahatçylyk söýüjiligiň merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen diýarynyň ak hem-de päk şäherinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda gurlup ulanylmaga berilýän belentden-belent, owadan binalary göreniňde ata Watanymyzda bedew batly ösüşleriň amala aşyrylýandygyna çäksiz guwanýarsyň. Aşgabat öz nurana keşbi, aýratyn ruhubelent ýagdaýy bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gün-günden görke gelip has-da gözelleşýän Aşgabat şäherimiz ýeňişli ýollary geçip, aýdyň geljege baky ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Tebigy täsinligi, owadanlygy, arassalygy bilen gelýän myhmanlary haýrana goýýan berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat baýramçylyk günleri has hem gözel görke eýe bolýar. Agzybirlik, parahatçylyk, jebislik bilen birlikde mähribanlygyň, söýgüniň, dost-doganlygyň, bagtyň mekanyna öwrülen ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlaryny gadyrly garşy alýar. Mermer şuglaly paýtagtymyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşmak, arassaçylygyny, abadançylygyny berjaý etmek bu gün hemmeleriň köňül şygaryna öwrüldi. Şonuň üçinem sebitiň we dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň hataryna goşulan gözel paýtagtymyzyň göz gamaşdyryjy gözelligine guwanýarys. Goý, ak mermerli şäherimiziň bagt siňen keşbinde gözellik, bagtyýarlyk we juwanlyk baky orun alsyn!

 

Amanmyrat DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY