Söýgüniň we umytlaryň gül açýan mekany höküminde taryhyň şöhratly töründe orun tutýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty - ak mermerli Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe bütinleý diýen ýaly täzeden gurulýan, tutuşlygyna ak mermere beslenen paýtagtymyzyň şöhratly taryhynyň hem-de şu gününiň ylhamly tarypy ynsan kalbyny joşa getirýär. Aşyklar şäheri Aşgabadyň nurana gündizleri, şuglazar gijeleri, öňdebaryjy Ýewropa ülňüleri bilen milli binagärlik sungatymyzyň gadymy ýörelgeleriniň sazlaşygyndan dörän täsin desgalaryň taýsyz gözelligi mundan-da röwşen ertirimiziň – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň depginli ösüşleriniň binýadynyň mizemezliginiň buýsançly hem şuglaly nusgasyna öwrülýär. Türkmen halkynyň milli Lideriniň – Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz zehini, köp ýyllaryň dowamynda ata mekanymyza bagyşlanýan watançylyk yhlasy, bimöçber aladasy hem-de egsilmez sahawaty bilen eziz paýtagtymyz binagärlik sungatynyň äleme nurly şuglasyny saçyp duran parlak ýyldyzy hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigini gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýädäki ak mermerli şäherleriň iň gözeli höküminde girizilendigi hem tassyklaýar.
Gözel Aşgabat - geçen müňýyllyklaryň şöhratly ýaňy, şu günüň, geljegiň şäheridir. Aşgabat - Ýer ýüzüniň ýedi yklymyndan yzygiderli gelýän gadyrly myhmanlar üçin gujagyny giňden açýan, parahatçylyksöýüji şäherdir. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bitewi we sazlaşykly şähergurluşyk meýilnamasynyň üstünlikli, gyşarnyksyz amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyzyň täze binagärlik keşbi abadançylygyň we bagtyýarlygyň nyşany höküminde dünýä ýüzüne nuruny saçýar.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda taýsyz, gözel, kaşaň köşkler we ýadygärlik binalary, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurulýar, täze döreýän şäherleriň baş meýilnamalary, ýollaryň, köprüleriň, seýilgähleriň taslamalary işlenilip düzülýär we üstünlikli amala aşyrylýar. ”Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen güýçli depginde ösdürilýän paýtagtymyz gözelliklere, aýdym-saza, suw çüwdürimlerine, ýaşyl baglara baýlygy bilen her bir adamyň kalbyna bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Paýtagtymyza gezelenç edip, ýollaryň ugrunda, çatryklarda güllerden döredilen gözellikleri synlamak, ajaýyp seýilgählere aýlanyp aýdym-sazyň owazyna maýyl bolmak ruhuňy galkyndyrýar, ertirki güne güýç-gaýrat, hyjuw bagyşlaýar. Aşgabat häzirki döwürde, ilkinji nobatda, özüniň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlyklary bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Hut şeýle ösüşiň netijesinde türkmen paýtagtymyz ak mermerli şäher diýen derejä eýe boldy. Elbetde, Türkmenistan, hakykatdan-da dünýäniň gülläp ösýän ýurdy! Türkmenistan öz milli güýjüne we dünýäniň iň uly tejribelerine daýanyp öňe barýar! Bu toprakda täze-gülläp ösen ýaşaýyş kemala gelýär! Türkmen halky öz Arkadagyna - dünýäde ykrar edilen milli Liderine, Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdaryna guwanmaga doly haklydyr!
Azat HAÝYDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.