MENIŇ GUŞUM AK GUŞ

Häzirki irki döwürlerde döräp, häzirki döwürde-de çagalaryň söýgüli oýunlarynyň biri “bäşdaş” oýny salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz, arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny gyzjagazlar aýnaýarlar. Oýny aýnamak üçin bäş sany birmeňzeş togalajyk daş-çagyl saýlanyp alynýar. Her kim özüniň gowy görýän reňkli daşyny saýlap: “Ine meniň guşum ak guş”, “Meniň guşum sary guş”, “Meniň guşum gök guş” diýip daşlary “guş” diýip atlandyrypdyrlar. “Bäşdaş” oýnuna, esasan, galyňlygy çen bilen 11 millimetre, göwrümi 22 millimetre barabar daşlar saýlanýar. Ondan kiçi daşlary gapmak ýerden çaltlyk bilen almak kyn düşýär. Ol ölçegden uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almagyna amatsyz bolýar. Oýnuň başynda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy “Elarka kaky”diýen sözi aýdýar. Bu “Elimiň arkasy bilen adşy kakyp, tutup alýaryn” diýdigi. Şonuň üçin “Bäşdaş” oýny käbir etraplarda “Elarka” oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde “Gözdaňdy”, “Guşakgapdy”, “Kepbamgurdy” ýaly oýunlaryň atlary ýaly goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu tapgyry haýsy oýunçy köp daşy tutup bilşine çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň üçüsiniň eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da gapylanda hemmesini tutup bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda oýunçy köp daşy gapyp bilse, şol hem oýna ilki başlaýar we oýnuň indiki tapgyrlary dowam edýär. Bijesi çykan oýunçy daşlary ýere seçeläp olaryň birini guş saýlaýar. Soňra “guşuny” çala ýokary oklap, ýerde seçeläp ýatan daşjagazlary bir-birden çöpläp alýar. Her daşy alanynda “guşuny” gapyp ýetişmeli. Eger-de oýunçy “guşuny” gapyp bilmese gezek indiki oýunça geçýär. Soň daşlary iki-ikiden, bir daşy aýry üçüsini birden dördüsini birden almaly. Oýnuň indiki tapgyry “Topby” diýlip atlandyrylýar. Daşlary gysymynda saklap “guşuňy” ýokary oklanyňda aýaňdaky daşlary ýere goýmaly we “guşuňy” gapyp ýetişmeli. Soň ýene-de daşlary ýerden almaly oýun gitdigiçe çylşyrymlaşyp etmeli hereketler kynlaşýar. Şeýdip oýunçylar çalt-çaltdan nobatlaryny çalşyp ugraýarlar. Oýnuň “Gowak”, “Haýat”, “Dag”, “Seçdi” tapgyrlarynyň hereketlerini doly ýerine ýetiren oýunçy ýeňiji hasaplanýar. Milli oýunlarymyzyň biri bolan “bäşdaş” oýny çagalaryň agzybir, çeýe, ugurtapyjy bolmagyna we dürli kynçylyklary ýeňip geçmegine ýardam edýär.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY