DAŞKY GURŞAWYŇ ABADANÇYLYGY BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILIDIR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ösüşiň ýollarynda daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna gaýrygoýulmasyz mesele hökmünde uly üns berilýär.

Daşky gurşawy goramak häzirki döwürde bütin dünýäde tutuş adamzat üçin iň bir wajyp meseleleriniň biridir. Döwletimiziň ekologik wezipesi tebigy gurşawyň goralmagyny, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmagy jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitleriniň dogry utgaşdyrmagy üpjün etmekdir.

Ynsanyň iýmitlenmeginde, dem almagynda, suwsuzlygyny gandyrmagynda, pasyllara görä howa uýgunlaşmagynda tebigatyň ornunyň näderejede uludygy hemmä mälim. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýa güni bellenilýär. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyrylýar. Gurama häzirkizamanyň ähliumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, mähriban topragymyzyň gülläp ösüşi, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň dikeldilmegi, olara mukaddeslik hökmünde garalmagy üpjün edilýär. Türkmençilikde «Bagym bar – barym bar», «Bir agaç ekseň ýaşyň baky», «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» ýaly nakyllardyr atalar sözlerine aýratyn ähmiýet berilmegi hem hut şular bilen bagly.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak hem-de bu bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine bolan söýgi döredýär we tebigatyň täsinliklerini, goramak ony aýawly saklamaklyga biziň her birimizi borçly edýär. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, jemgyýetiň durmuş-ykdysady  ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini saklap galmak baradaky başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan toplumlaýyn we uly geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen utgaşykly sazlaşdyrýar. Bu sazlaşykly ösüş ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen maksatnamalarda we daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýadynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi döwletimiziň tebigaty goramak, ony aýawly saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky ählumumy tagallalara saldamly goşandyny tassyklaýar. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Mahym SELIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

MENIŇ GUŞUM AK GUŞ

Indiki makala

GOLDAW-HEMAÝAT HAKYNDA

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY