GOLDAW-HEMAÝAT HAKYNDA

«Arkalaşan dag aşar, söýenişen ýykylmaz» diýýän halkymyz müň kerem mamla. Durmuş ýoluny geçmek üçin ýürekdeş dost-ýaryň, ýakyn hossaryň bolmagy zerur. Ýaşaýşy dowam etmegiň hatyrasyna adamlar has ýakynlaşmalydyr. Goňşy-goňşyny goldap, dost-dosta dalda bolmagy başarmalydyr. Asuda we abadan durmuşy el-ele berip, agzybirlikde goramaly. Dünýäni saklaýan güýç dostlaryň güýçli goludyr.

Birek-biregiň halyndan habar almak hökmandyr: ýykylany galdyrmak, dostluk goluňy uzatmak gerek. Adama berlen baýlyk bir özi üçin däldir, ol dostlar bilen paýlaşmak üçindir. Ylahy zehin il-günüňe eşret döretmek üçindir. Ýagşylyk etmek adama berlen artykmaçlyk däl-de, borçdur.

Adam haçan güýçli bolýar?! Ol goldanylan wagty güýçli, ýeke galanda ejizdir. Goç ýigit hemaýatly il-güni bolanda güýçlüdir. Birek-biregiň ýürek duýgusyna düşünjek bolmaly. «Aý, çagadyr-da, nämäň-nämedigine düşünesi ýok» diýip, dymmak dogrumydyr?! Çaga hemme zady öwretmeli. Onuň dynuwsyz sowallaryny jogapsyz goýmaly däl. Edebi gerek ýerinde öwretmeseň, soň seni görgä goýar. «Düýä haýt diýmegem medet» diýlipdir. Hoşamaýlyk bilen ýalňyşyny düşündirmek hem çaga edepdir.

Hiç haçan kiçilere-hä çagadyr öýdüp, ululara-da agadyr, öz etjegini bilýändir diýip dymyp durmaň. Çaganyň kiçijik hem bolsa adamdygyny, ulularyň bolsa özboluşly çagalardygyny ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin çagalaryň garagollugyna göz ýumup, ulularyň ýalňyşlygyny geň görmäň. Bularyň ikisi-de adamdyr. Adam bolsa bir-biregiň hoş sözüne, mährine mätäçdir. Gurbannazar Ezizowyň:

Käte merdem ýagşylyga garaşýar,

Goldan gelen ýagşylygyň eçil sen...

— diýen setirlerinde hem ýene adam hakda aýdylýandyr.

Adamlar babatda gorkak ýa dogumly, bagtly ýa betbagt diýen bölünişik ýok. Mertlik ýa ejizlik diňe il-günüň ynamyna, dost-ýarlaryň, ýakynlaryň goltgy-tekgesine baglydyr.

 

Sülgünjemal HANGELDIÝEWA,

Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň

türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY