PARLAK PAÝHASLY PYRAGY (çeper publisistik makala)

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, ruhy halypasy, durmuş mekdebi saýylýar. Nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşan Magtymguly Pyragy sözüň doly manysyndaky nusgawy edebiýaty esaslandyryjydyr. Bu hakykaty Arkadagly Serdarymyzyň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýen sözleri hem doly derejede tassyklaýar.

Şahyryň ajaýyp döredijiligi we baý edebi mirasy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş dünýä edebiýatynyň hem altyn hazynasyna öwrüldi. Magtymgulynyň pelsepewi şygyrlary umumadamzat ähmiýetli bolup, onuň baý edebi mirasyny we ömür ýoluny bütin dünýäniň alymlary öwrenýärler. Şahyryň golýazmalary, ol hakyndaky maglumatlar hem-de kämil pelsepewi eserleri iň naýbaşy muzeýleriň görnükli ýerinde bahasyz gymmatlyk hökmünde öz mynasyp ornuny eýeleýär.

Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary halk heňlerine goşulyp hem ýerine ýetirilýär. Ajaýyp aýdymlara öwrülen şahyryň şygyrlary bagşylaryň dilinde ýaňlanyp, şirwan perdelerde saza goşulýar. Ol sungatyň dilinde ýaňlanyp nesilleriň aňyna oňyn täsir edýär.

Halkymyzyň jebisligi, nesilleriň bagtyýar ösüşi, abadan hem erkana durmuş hakyndaky köňül arzuwlarynyň hasyl bolan eýýamynda Magtymguly Pyragynyň ruhy hem ýüreklerde ýaşaýar. Şonuň üçin hem öz akyldar şahyryny müdimilik sarpalaýan halkymyz onuň ölmez-ýitmez mirasyna bakylygyň nyşany hökmünde garaýar.

 

Synla, Magtymguly arzuw edeniň,

Bu gün nesilleriň ykbalyndadyr.

Islän bir berkarar döwletiň içre,

Şöhratyň zamanaň ykraryndadyr.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussadynyň sarpasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalby ylhamly ýaşlaryň alkyşlary egsilmezdir.

 

Aýgül MUHAMMETDURDYÝEWA,

Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY