Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu taryhy eýýamda kemala gelen ýaşlaryň kämil geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň kabul edilmegi, bu ugurda dürli toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi türkmenistanly ýaşlaryň ykbalynda täze sahypalary açýar.
Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny şu ýylyň şanly şygary hem äşgär edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly — sözüň doly manysynda täze menzilleriň gözbaşy bolup juwan göwünleri göge göterdi. Onda döwletimiziň we merdana milletimiziň bagtyýar ýaşlara, ýaşlygyň güýjüne, olaryň geljegine bildirýän uly ynamy bar. Juwanlyk gujury gursagynda gaýnaýan, gözlerinde dogum nury, gadamlarynda gaýrat görünýän ýaşlara bildirilýän belent ynamyň alamaty bolan bu şygar nesilleriň durmuş we zähmet ýollaryna şamçyragdyr.
Nesilleriň ýörelgesine öwrülen bu ýollar Gahryman Arkadagymyzyň göreldesinden, pähim-parasatyndan, nusgalyk mekdebinden gözbaş alýar. Milli Liderimiziň ýaşlaryň berk bedenli, edep-terbiýeli, hünär-sowatly, giň gözýetimli we baý düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda döreden mümkinçilikleri we şahsy göreldesi bagtyýar nesiller hökmünde biziň aňymyzda hem kalbymyzda müdimilik orun aldy. Durmuş ýoly we manyly ömri bilen nusgalyk ýaşamagyň aňrybaş sungatyny görkezýän Alym Arkadagymyzyň parasatly sargytlary, öwüt-ündewleri, şeýle-de ajaýyp eserleri bolsa, biz — ýaşlar üçin ruhy gymmaty egsilmejek genji-hazyna öwrüldi.
Halkymyzda «Ylym ymaratdyr, bilim binýatdyr» diýen aýtgy bar. Atalarymyzyň bilimli, ylymly, hünärli nesli ýetişdirmek ýörelgesiniň döwletli döwranymyzda dabaralanyp dowam etdirilmegi hem ýaşlar hakyndaky aladanyň esasy ugrydyr. Şoňa görä-de bilim-terbiýeçilik ojaklarynda körpe nesillere, okuwçy we talyp ýaşlara bilim bermek işi sanly ulgam esasynda işjeň alnyp barylýar. Milli bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Täze menzilleriň gözbaşy bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda bolsa ýaşlaryň bilim daragty şahalaryny giňden ýaýýar, gülleýär hem has bol miwe getirýär.
Bu gün täze menzilleriň başynda,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Geljege ynam bar göwün hoşunda,
Ýyllara ýalkymdyr bu beýik işler.
Kemal ANNAÝEW,
«Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynyň
gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.