BÄSLEŞIKLERIŇ ÄHMIÝETI

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň saglygyny goramak, bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek, has zehinlileri we ezberleri ýüze çykarmak, olary üstünliklere we täze başlangyçlara höweslendirmek işleri usuly aýratynlygy we guramaçylyk görnüşi taýdan tapawutlanýar. Döwletli döwrümize mynasyp, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri ýüze çykarmakda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk mazmunly çäreler bilen bir hatarda bäsleşikleri guramagyň hem ýokary ähmiýeti bardyr.

Dürli mazmunly bäsleşikleri guramak, yglan etmek we geçirmek her bir ýaş nesliň alan bilimleriniň üstüni ýetirmekde, düşünjelerini giňeltmekde, tejribelerini artdyrmakda, zehinlerini açyp görkezmekde, täze maglumatlary öwrenmekde, öz taýýarlygyny synap görmekde peýdaly täsirleri ýetirýär.

Dürli bäsleşiklere ykjam taýýarlanmak arkaly oňa gatnaşyjy ýaş nesil özbaşdak işlemegi, öz-özüni kämilleşdirmegi, öňde goýlan şertleri özleşdirmegi öwrenýär. Şeýle-de bäsleşiklere gatnaşmak arkaly ýaşlar maksada okgunlylygy, öz duýgularyna erk etmegi, özüne ynam etmegi, sabyrlylygy, tutanýerliligi, adalatlylygy, tolgunmalary ýeňip geçmegi, ruhdan düşmezligi, kanagatlanmagy, umytlylygy we tijenmegi, dürli şertlere taýyn bolmagy, tertip-düzgün kadalaryna eýermegi, köpçülikleýin çäreleriň medeniýetini saklamagy, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy we mundan beýläk hem işjeňligi gazanmagy öwrenýär. Bu häsiýetler we endikler bolsa ýaşlaryň durmuşa bolan taýýarlygyny we terbiýeçilik taýdan taplanmagyny hem pugtalandyrýar. Döredijilik ugurly bäsleşikler bolsa täze eserleriň döremegine, ýaşlaryň edebi we sungat döredijiligini ösdürmäge ýokary täsirini ýetirýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn we zehinli täze neslini ýüze çykarmak ugrunda dürli sport, bilim we döredijilik ugurly bäsleşikleriň köpsanlysy yzygiderli yglan edilýär. Şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylaryň, talyplaryň we beýleki ýaşlaryň köp sanlysynyň isleg bildirmegi bolsa ýurdumyzda zehin-başarnykly, sagdyn bedenli nesilleriň sanynyň barha artýandygynyň nyşanydyr.

Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny berkitmäge gönükdirilen guramaçylykly çäreleri ýokary derejede geçirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyşlary aýdýarys!

 

Aýna ÇARYÝEWA,

Mary şäherindäki 5-nji orta mekdebiň

müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY